"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary

4-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Resmi ugradyş dabarasy

Türkmenistan — BAE: ikitaraplaýyn tagallalar işjeňleşdirilýär

Dünýä döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ykdysady taýdan kuwwatly we ösen ýurtlarynyň biri bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary aýratyn ähmiýete eýe bolup, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmekde nobatdaky möhüm ädimdir. GYSGA WAGTLYK SÖHBETDEŞLIGIŇ BARŞYNDA

Durnukly ösüşiň binýady

Birleşen Milletler Guramasy dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde, bu ugurdaky öňde goýlan uzak möhletli maksatlary bilelikde amala aşyrmakda ähli agza döwletleriň tagallalaryny birleşdiriji esas bolup hyzmat edýär. Bu, aýratyn hem, dünýäde syýasy deňagramlylygy saklamakda, bähbitleriň özara utgaşykly bolmagyny gazanmakda we olary bir ugra gönükdirmekde zerur bolan şertleri döretmekde uly ähmiýete eýedir. Täze ýylyň öňüsyrasynda BMG tarapyndan taryhy Kararnamalaryň ikisiniň kabul edilmegi bilen eziz Diýarymyzyň şan-şöhraty dünýäde ýene bir gezek dabaralandy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda geçirilen 78-nji sessiýasynyň 49-njy umumy mejlisinde «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny», şeýle hem «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda işlenip düzülen energiýa birikmesi bilen bagly Kararnama 38 döwlet awtordaşlyk etdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2024-nji ýylyň başynda strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak, energiýa birikmesini hem-de energiýa çeşmeleriniň hereketini güýçlendirmek ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, d

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 4-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz goňşy döwletiň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereket baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem bu pajygaly waka zerarly Size we doganlyk eýran halkyna çuňňur gynanç bildirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy

Aşgabat — Abu-Dabi, 4-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar, şeýle hem BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili ugratdy.

Galkynyşly menzilleriň aýdyň ýoly

Arkadagly eýýamymyzyň ösüşlerden ösüşlere beslenip gelýän ajaýyp ýyllary ýurdumyzyň ösüşlerini täze belentliklere çykarýar. Köpmilletli agzybir halkymyzyň sapaly durmuşy — Garasyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýä ýalkym saçýan ajaýyp keşbi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata Watanymyz Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda gazanylan beýik üstünlikler bolsa dünýä parahatçylykly ösüşiň ýalkymyny saçýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» şygary bilen geçmeginiň özünde hem çuňňur many  bar.

Russiýanyň logistika operatory Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesi arkaly Türkmenistandan ýük daşamagy ýola goýdy

“PEK” köp hyzmatly logistika operatory Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda ýygnama ýükleri daşamagy ýola goýdy. Bu ugur boýunça yzygiderli ýük gatnawy iki hepdede bir gezek amala aşyrylýar. Geljek ýyldan bolsa, bu sanyň artdyrylmagyna garaşylýar. “PEK” kompaniýasy Russiýada iki ýurduň ýaşaýjylarynyň we biznes toparlarynyň harytlarynyň çalt hem-de ýönekeýleşdirilen amal esasynda eltilip berilmegine mümkinçilik döreden ilkinji kompaniýadyr. “PEK” tarapyndan berlen maglumatda Türkmenistanda halkara ulag resminamalaryny elektron görnüşinde ulanylyp başlanmagynyň we Astrahan hem-de Türkmenbaşy portlarynyň arasynda yzygiderli gämi gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň eltip bermek işini has-da ýönekeýleşdirmäge ýardam etjekdigi aýdylýar.

Gazagystan Hytaýa uzaýan täze demir ýoluň gurluşygyna başlady

Gazagystanyň Abaý sebitinde uzynlygy 272 kilometre barabar boljak Bahty-Aýagoz demir ýolunyň gurluşygynyň başlanandygyny «Trend» habar berdi. Taslama Prezident Kasym Žomart Tokaýewiň görkezmesine laýyklykda durmuşa geçirilýär we ýurduň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Gurluşyk wagtynda Hytaý bilen Bahty — Çuguçak ugry boýunça üçünji serhet geçelgesini açmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistan — Ýunesko: ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynda esasy hyzmatdaşlaryň biridir. ÝUNESKO-nyň XXI asyryň çylşyrymly we dartgynly meselelerini medeni diplomatiýa arkaly çözmek, ynsanperwer ýörelgeleriň üsti bilen Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky tagallalary Türkmenistanyň hoşniýetli daşary syýasatynyň maksatlaryna doly gabat gelýär. Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň maksady bilimiň, ylmyň we aragatnaşygyň esasynda adamlaryň aňynda parahatçylygy goramak, hoşniýetlilik, geçirimlilik pikirini oýarmakdan ybaratdyr. Tertipnamasyndaky: «Uruş hakdaky pikir adamyň aňynda döreýär, şonuň üçin hem olaryň aňynda parahatçylygy goramak pikirini oýarmaly» diýen sözler bolsa ÝUNESKO-nyň baş ýörelgesidir. Guramanyň wezipesi adalatlylygy, kanunylygy we adam hukuklaryny ählumumy hormatlamagy, BMG-niň Tertipnamasyndaky teniniň reňkine, jynsyna, diline ýa-da dinine garamazdan, ähli halklar üçin ykrar edilen esasy hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen, halklaryň bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyny giňeltmek arkaly, parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge ýardam etmek bilen baglydyr. Umumadamzat gymmatlyklar

Doktor Riri Fitri SARI: — Türkmenistanyň ýokary hünär bilimi ulgamynda ýeten derejesine guwanýarys

Ýaşlaryň uly üstünliklerine beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 8-si — Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Döwlet energetika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty «UI GreenMetric World University Rankings» sanawyna goşuldy. Muny tassyklaýan şahadatnamany golaýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara ýaşlar forumynyň çäklerinde «UI GreenMetric World University Ranking» agentliginiň başlygy Riri Fitri Sari gowşurdy. Bu abraýly sanawyň aýratynlyklary, ýurdumyzyň oňa goşulan ýokary okuw mekdepleriniň gazananlary hakynda professor, doktor Riri Fitri SARI şeýle gürrüň berdi: — Ýokary hünär bilimi ulgamy ýurduň, dünýä hojalygynyň ösüşinde, öňde duran wezipeleriň, möhüm çagyryşlaryň çözülmeginde, umuman, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýän Indoneziýa uniwersiteti (UI) 2010-njy ýylda «UI GreenMetric World University Ranking» bütindünýä un

Durnukly ösüşiň bähbidine

2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny belledi. 19-njy dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlüp, ozal hem birnäçe gezek ykrar edilen şeýle halkara başlangyçlara köp sanly dünýä ýurtlarynyň awtordaş bolup çykyş etmegi olaryň tutuş adamzat üçin örän möhümdigini görkezýär.

Owganystan Özbegistanyň üstaşyr demir ýol gatnawyna bolan çäklendirmeleri ýatyrdy

Özbegistanyň Transport ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Owganystan Özbegistanyň üstaşyr demir ýol gatnawyna bolan çäklendirmeleri ýatyrýar. 26-njy dekabrda Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Makhamow Owganystanyň ulag we raýat awiasiýasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Hamidullah Okhunzoda bilen ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy. Owganystan özbek kärhanalaryna öz çäginden üstaşyr geçmek we ikitaraplaýyn gatnaw üçin çäklendirmeleri ýatyrdy. Şeýle-de taraplar 2024-nji ýyldan başlap, halkara ýol ulaglary üçin tölegleri deňlik esasynda kesgitlemek barada ylalaşdylar. 2022-nji ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Özbegistanyň ulag ministri Owganystana eden sapary wagtynda ýerli hünärmenler bilen Owganystanyň çäginden üstaşyr gatnaw çäklendirmeleriniň ýatyrylmagy barada pikir alşypdy. Gepleşikleriň netijesinde taraplar üstaşyr ýük ulag-logistika ulgamyny ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri mobilizlemek barada ylalaşdylar.

Özbegistan ananasyň importyny artdyrdy

Özbegistan 2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynyň dowamynda 1,3 müň tonna ananas import etdi. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 594 tonna köpdür. Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň habar bermegine görä, hasabat döwründe ýurduň ananas importynda esasy orun Hytaýa degişli. Bu ugurdaky sanawyň başyny çekýän Hytaý 2023-nji ýylyň 11 aýynda 756,5 tonna ananasy özbek bazaryna eksport etdi. Şeýle-de sanawyň ilkinji bäşliginden degişli yzygiderlilikde, Gazagystan (280,4 tonna), Kosta-Rika (103,4 tonna), Keniýa (53,8 tonna) we Türkiýe (36,3 tonna) ýaly ýurtlar orun aldylar.

Stambulda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe multimodal ulag geçelgesini ösdürmek boýunça çäreler ylalaşyldy

Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň demirýol edaralarynyň wekilleri Stambul şäherinde ilkinji bilelikdäki mejlisi geçirdiler. Onda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe multimodal ulag geçelgesini ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda, esasan hem, ulag geçelgesi boýunça demirýol daşamalarynyň nyrhlaryny peseltmek we onuň üsti bilen ýük daşamalarynyň mukdaryny artdyrmak meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplar ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalarda emele getirilen amatly we bäsdeşlige ukyply nyrhlaryň harytlaryň hem-de ýükleriň daşalyş möçberlerini artdyrmaga ýardam etjekdigi hakynda bitewi düşünjä geldiler.

Ýolçularyň Hökümetara geňeşiniň VII halkara awtomobilli ýörişi Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäginden geçer

Ýolçularyň Hökümetara geňeşi tarapyndan guralýan VII halkara awtomobilli ýörişi Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäginden geçer. Awtomobilli ýöriş 2024-nji ýylyň 28-nji aprelinden 8-nji maýy aralygynda geçiriler. Onuň uzynlygy 2500 kilometrdir. Awtomobilli ýörişiň ugry Baku-Guba - Azerbaýjanyň Russiýa bilen serhedi-Derbent-Mahaçkala-Astrahan-Russiýanyň Gazagystan bilen serhedi-Atyrau-Beýneu-Gazagystanyň Özbegistan bilen serhedi-Nukus-Hywa awtoýollary boýunça geçer.

GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Nobatdaky sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.

Türkmenistan — GDA: birlikde, bilelikde, jebislikde

26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Nobatdaky sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 28-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Guwandyryjy sepgitler, wajyp wezipeler

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň hem-de köpugurly serginiň açylyş dabarasyna halkara guramalaryňdyr düzümleriň wekilleri, goňşy we alysdaky birnäçe döwletlerden myhmanlar hem gatnaşdylar. Olar tamamlanyp barýan ýylda Türkmenistanda döwlet ýaşlar syýasatyny amala aşyrmakda gazanylan üstünliklere aýdyň göz ýetirdiler, kärdeşleri bilen pikirdir tejribelerini paýlaşmaga mümkinçilik aldylar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi öz işine başlady

Şu gün — 27-nji dekabrda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny, zehinini açyp görkezýän, olaryň ylym-bilimde, medeniýetde, sungatda, sportda we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanan üstünliklerini dabaralandyrýan giň göwrümli sergi guraldy. Sergide hormatly Prezidentimiziň «Ýaş nesiller — jemgyýetiň geljegi. Şonuň üçin hem ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen strategiýamyzyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ýaşlar barada döwlet syýasatymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýen dürdäne jümleleri mynasyp beýanyny tapýar.