Stambulda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe multimodal ulag geçelgesini ösdürmek boýunça çäreler ylalaşyldy

30 Dekabr 2023
546

Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň demirýol edaralarynyň wekilleri Stambul şäherinde ilkinji bilelikdäki mejlisi geçirdiler. Onda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe multimodal ulag geçelgesini ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda, esasan hem, ulag geçelgesi boýunça demirýol daşamalarynyň nyrhlaryny peseltmek we onuň üsti bilen ýük daşamalarynyň mukdaryny artdyrmak meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplar ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalarda emele getirilen amatly we bäsdeşlige ukyply nyrhlaryň harytlaryň hem-de ýükleriň daşalyş möçberlerini artdyrmaga ýardam etjekdigi hakynda bitewi düşünjä geldiler.