Galkynyşly menzilleriň aýdyň ýoly

4 Ýanwar 2024
535

Arkadagly eýýamymyzyň ösüşlerden ösüşlere beslenip gelýän ajaýyp ýyllary ýurdumyzyň ösüşlerini täze belentliklere çykarýar. Köpmilletli agzybir halkymyzyň sapaly durmuşy — Garasyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýä ýalkym saçýan ajaýyp keşbi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata Watanymyz Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda gazanylan beýik üstünlikler bolsa dünýä parahatçylykly ösüşiň ýalkymyny saçýar.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» şygary bilen geçmeginiň özünde hem çuňňur many  bar.

Bäşim ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlygy.