Ýolçularyň Hökümetara geňeşiniň VII halkara awtomobilli ýörişi Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäginden geçer

30 Dekabr 2023
558

Ýolçularyň Hökümetara geňeşi tarapyndan guralýan VII halkara awtomobilli ýörişi Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäginden geçer. Awtomobilli ýöriş 2024-nji ýylyň 28-nji aprelinden 8-nji maýy aralygynda geçiriler. Onuň uzynlygy 2500 kilometrdir.

Awtomobilli ýörişiň ugry Baku-Guba - Azerbaýjanyň Russiýa bilen serhedi-Derbent-Mahaçkala-Astrahan-Russiýanyň Gazagystan bilen serhedi-Atyrau-Beýneu-Gazagystanyň Özbegistan bilen serhedi-Nukus-Hywa awtoýollary boýunça geçer.