«Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol» strategiýalary: ösüşiň hatyrasyna utgaşykly maksatlar
17-18-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçirilen «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz maslahatda eden taryhy çykyşynda: «Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» strategiýasyna laýyk gelýär. Olaryň ikisi hem Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berip, Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummanyna çenli häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda giňişlikleri birleşdirip, özara baglaşylan önümçilik we tehnologik tapgyrlary hem-de senagat guşaklaryny kemala getirip, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we abadançylygyny artdyrmaga ýardam etmelidir» diýip belledi. Hytaý Halk Respublikasynyň «Bir guşak, bir ýol» strategik häsiýetli konsepsiýasy dünýä bileleşiginiň oňyn seslenmesine mynasyp bolýar. Bu başlangyjyň maksady köp sanly ýurtlaryň gatnaşmagynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň serişdelerini peýdalanmak bilen, halkara söwda, maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda bu başlangyjyň çäginde Hytaý dünýäniň 150-den gowrak döwleti, 30-dan gowrak halkara guramalary bilen özara