Medeniýetleriň mähribanlygy

19 Oktýabr 2023
667

Orta asyrlarda dünýä ýaň salan Beýik Ýüpek ýoly halklaryň we döwletleriň medeniýetini mähribanlyk bilen birleşdirdi. Gahryman Arkadagymyzyň adybir eserinde nygtaýşy ýaly Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidir. Gadymy we orta asyrlardan başlanan ykdysady we medeni gatnaşyklar häzirki döwürde hem döwrebap derejede ösdürilýär.

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda HHR bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň amala aşyrýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

«Adalat».