Ýaşlar hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri

19 Oktýabr 2023
532

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň goldaw-hemaýatlaryndan göwünleri galkynýan türkmen ýaşlary ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşyp, halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge-de uly goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem daşary ýurtlaryň ýaşlar birleşikleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýär.

11 — 13-nji oktýabr aralygynda goňşy Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen Aziýada özara hyzmatdaşlyk etmek we ynamy berkitmek boýunça Ýaşlar geňeşiniň 6-njy mejlisi hem-de şol Geňeşiň çäklerinde «Nesilleriň dialogy» atly forum hem bu ugurda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Selbi ATAJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň esasy hünärmeni.