Gahryman Arkadagymyz syýasy logistikanyň wajyplygy barada aýtdy

20 Oktýabr 2023
501

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda syýasy logistikanyň wajyplygy barada aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ykdysadyýetde özara arabaglanyşyk, tehnologiýalary, tejribäni we usullary halkara derejesinde alyşmak dünýä ösüşiniň obýektiw ýagdaýlary bolup durýandygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, olar önümçilikde has ysnyşykly kooperasiýany, ýakynlaşmak babatdaky tehnologik we sanly binýatlaryň, bilelikdäki kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.