"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Türkmenistan — ÝUNISEF: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda hyzmatdaşlyk

AŞGABAT, 24-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylarynyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekili Kristina Weýgand bilen duşuşygy geçirildi. Onuň gün tertibine hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen 2021 — 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň Ýurt maksatnamasyny hem-de ýerlerde ýokary hilli hyzmatlary ornaşdyrmak arkaly durmuş goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça DÖM-niň Bilelikdäki maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümi bilen işjeň hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli ulgamlarda, şol sanda bilelikde maliýeleşdirmek boýunça taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy we durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Halkyň milli medeni gymmatlyklary we hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitaplarynda medeniýet barada köpugurly we çuň manyly garaýyşlar beýan edilýär. Medeniýeti halkyň kalby hasaplaýan milli Liderimiz medeniýetiň, ykdysadyýetiň, syýasatyň özara baglanyşygyna we bir-biriniň ösüşine oňyn täsirini aýratyn nygtaýar. Ata-babalarymyzyň milli medeni gymmatlyklary, sungat baradaky pelsepewi pikirleri, garaýyşlary her bir adam üçin ýol-ýörelge, geçmişimizi, milli aýratynlyklarymyzy açyp görkezýän gymmatly taryhy çeşme bolup durýar. Milli medeniýetimizi we sungatymyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksadyna eýerip, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň döredijilik üstünliklerini, her bir raýatyň ruhy taýdan galkynmagyny üpjün etmäge goşýan goşantlary nazara alnyp, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni döredildi. Bu sene ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda ýokary derejede bellenilýär. Şeýle hem, her ýylyň iýun aýynyň ahyrynda dürli welaýatlarda Medeniýet hepdeliginiň uly dabara bilen bellenilmegi däbe öwrüldi. Bu asylly däp medeniýete we onuň ösüşlerine, medeni mirasa döwlet derejesinde yzygiderli üns berilýändigini şöhlelendirýär.

Möhüm ugurda hyzmatdaşlyk

Golaýda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýurt maksatnamalaryny işläp düzmekde hem-de bu mesele boýunça sebitleýin işleri alyp barmakda goldamak we kuwwatyny güýçlendirmek” taslamasyny amala aşyrmak maksady bilen gurnalan Utgaşdyryjy serişde boýunça birinji iş duşuşygy açyldy. Bu gezekki geçirilýän iki günlük duşuşyga Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Daşary işler, Adalat, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Energetika, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Statistika baradaky döwlet komitetiniň jogapkär işgärleri, şeýle hem Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Ylymlar akademiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri çagyryldy.

Gazçylaryň tagallalary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady syýasaty rowaçlanyp, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysady ösüşiniň gadamy batlanýar. Bagtyýarlyk zamanamyzda döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladasy bilen gaz senagatyny ösdürmekde, tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmakda uly işler bitirilýär. Ýurdumyzyň mawy ýangyjy daşary ýurtlara eksport etmekdäki mümkinçilikleri ýokarlanýar. Bu energiýa çeşmesiniň alnyşyny ýokarlandyrmakda “Marygazçykaryş” müdirliginiň gazçylarynyň gazanýan üstünliklerem guwandyrýar. Müdirligiň zähmetsöýer adamlary tebigy gazy çykarmakda, ony senagat taýdan gaýtadan işlemekde uly tagallalary edýärler. Ady agzalan müdirligiň bölümleriniň her biriniň işgärleri öz öňlerinde durýan wezipelere abraý bilen hötde gelmek üçin gujur-gaýratly zähmet çekýärler. Edermen gazçylaryň birleşen tagallalary bolsa, tebigy gazyň akymynyň artmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Gürrüňi edilýän müdirligiň 1-nji sehi hem öňdebaryjy düzüm birlikleriň biri bolup, sehiň zähmetsöýer gazçylary tebigy gazy çykarmakda we sarp edijilere ugratmakda işeňňirlik görkezýärler. Olaryň tutanýerli zähmeti bilen gowy netijeler gazanylyp, bellenilen tabşyryklar abraý bilen berjaý edilýär. Tagtabazar-1 gaz käni diýlip tanalý

Bagtyýar çagalaryň baýramy

2021-nji ýylyň Çagalary goramagyň halkara güni, hakykatdan-da, möhüm wakalaryň biri boldy, çünki ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän döwrüne gabat geldi. Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti bilen bilelikde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň irki dikeldiş bölümine baryp, bu ýerde döredilýän hyzmatlardan peýdalanýan çagalardyr olaryň ejeleri bilen gürrüňdeş bolmak meniň üçin aýratyn hormat boldy. Çaganyň öz ösüşinde başdan geçirip biljek käbir näsazlyklarynyň ilkinji alamatlaryny ýüze çykarmakda bölümiň hünärmenleri tarapyndan alnyp barylýan uly işleriň şaýady bolmak bizde kanagatlanma duýgusyny döretdi. Şeýle näsazlyklar ýüze çykarylanda, çagalardyr ene-atalara her bir çaganyň zerurlyklary aýratyn göz öňünde tutulyp işlenip taýýarlanan anyk bilim beriş we sagaldyş maksatnamalarynyň çäklerinde goldaw berilýär.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Şu ýylyň 16 — 18-nji iýuny günlerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara Bileleşigiň (IPU) guramagynda onlaýn görnüşde geçirilen Elektron parlament boýunça 9-njy Bütindünýä maslahata gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine innowasiýalary we sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler girizildi. Parlamentarileriň uzak aralykdan işlemegi üçin mümkinçilikleri döretmek, sanly ulgama geçmek we onuň artykmaçlyklary, parlamentara duşuşyklary koronawirus pandemiýasy döwründe giňden peýdalanylýan wirtual görnüşde guramak, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek hem-de beýleki meseleler gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan — ÝHHG: köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürip

Mälim bolşy ýaly, 8-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Däp bolan hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanda täze wezipesini ýerine ýetirmäge girişen diplomat milli Liderimizi köp ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde jenap Jon MakGregor «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» kabul edilmegine bagyşlanan çärelere gatnaşyp, bu gurama bilen adam hukuklaryny goramak boýunça hyzmatdaşlykda alnyp barylýan işler barada pikir-garaýyşlaryny beýan etdi. Abraýly halkara düzümiň ýurdumyzda işe başlan wekiliniň çykyşyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Işjeň hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy. «Ylym, tehnologiýa we innowasiýalar: täze gözýetimler açylýar» atly onlaýn sammite birnäçe döwletleriň Baştutanlary, bu gurama agza ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň we beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumyň gün tertibine ýokarda agzalan ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, 2026-njy ýyla çenli döwür üçin bu ugur boýunça YHG-niň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri girizildi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe

Medeniýet — kämilligiň gözbaşy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilmegi çuň mana eýedir. Çünki, edebiýatyň we sungatyň sazlaşygynda döreýän gözellik ynsana ruhy baýlyk eçilýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň zähmetine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda birnäçe döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeni ojaklar gurlup, ulanylmaga berildi. Bularyň ählisi medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi üçin gönükdirilendir.

XXI asyr: innowasion özgertmeleriň ugry bilen

Milli Liderimiziň ylym we tehnologiýalar boýunça ýokary derejeli sammitdäki çykyşyndan soňky oýlanmalar 16-njy iýunda hormatly Prezidentimiziň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitinde çykyş etmegi hem-de yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasynda ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda anyk teklipleri öňe sürmegi ýurdumyzyň halkara durmuşynda möhüm wakalaryň biri boldy. Sammitiň gün tertibindäki meseleler bilen baglylykda orta atylan teklipdir garaýyşlaryň aňyrsynda agza döwletleriň her biriniň ykdysady kuwwatyny artdyryp, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam bermek ýaly anyk maksadyň durandygyny ilkinji nobatda aýtmak gerek. Üçünji müňýyllykda islendik ýurduň ykdysady kuwwaty kesgitlenende, ylmy-tehnologik we innowasion ösüş derejesine seredip baha berilýändigini nazara alsak, munuň özi döwür bilen aýakdaş gitmek, ýokary tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine daýanýan intellektual jemgyýeti kemala getirmek bilen hem berk baglanyşyklydyr.

EKOLOGIÝA BABATDAKY HALKARA HYZMATDAŞLYK

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işler üstünlikli amala aşyrylýar. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň netijeli çözülmegi ugrunda dünýä bileleşigi bilen ylalaşykly hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Milli Liderimiziň Ýaponiýada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň «Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak» atly III Bütindünýä maslahatynda we Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy, 70-nji we 75-nji mejlislerinde hem-de «Rio+20» maslahatynda eden taryhy çykyşlarynda ýurduň, sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen işjeň başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Araly halas etmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek häzirki wagtda döwletimiziň ekologiýa syýasatynda esasy ugurlaryň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy

Türkmenistan – Birleşen Arap Emirlikleri: hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda

Türkmenistanyň Ýakyn Gündogar döwletleri, şol sanda BAE ýaly arap dünýäsiniň abraýly hem-de ykdysady taýdan ösen ýurdy bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu gün Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň döwletara gatnaşyklary barha artýan depginde işjeň hem-de gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyga eýe bolýar. Iki ýurduň halklaryny gadymy döwürlerden bäri taryhy, medeni we ruhy umumylyklar baglanyşdyrýar. Däp bolan gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýän iki ýurduň hoşniýetli erki ägirt uly kuwwata gabat gelýär. Türkmenistanyň hem-de BAE-niň pudaklaýyn ministrlikleriniň, maliýe we işewür toparlarynyň wekilleriniň yzygiderli gatnaşyklary hem hyzmatdaşlyk etmegiň toplanan oňyn tejribesi hem-de milli ykdysadyýetleriň üstünlikleri nazarda tutulyp, hyzmatdaşlygyň giň gerimli ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge gyzyklanmanyň barha artýandygyny tassyklaýar. Ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň Abu-Dabi şäherine sapary arap dünýäsiniň täsirli ýurdy bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň eýeleýän işjeň ýörelgesiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryg

Türkmenistanyň wekiliýeti XXIV Peterburg halkara ykdysady forumyň işine gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 3-4-nji iýunda RF-niň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda bolup, ХХIV Peterburg halkara ykdysady forumyň işine gatnaşdy. Häzirki döwürde dostlukly, netijeli we strategik häsiýete eýe bolan döwletara türkmen-rus gatnaşyklary täze mazmuna eýe bolýar. Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine hem-de taryhy taýdan ýola goýlan gatnaşyklaryň esaslaryna daýanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Şolaryň hatarynda Russiýanyň möhüm ykdysady, ylmy we medeni hem-de ähmiýetli ulag merkezi bolan Sankt-Peterburg şäheri hem bar.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Türkmenistan ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze çemeleşmeleri öňe sürýär

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy Aşgabat, 16-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Zenan telekeçiligini goldamak, gender deňligini üpjün etmek hem-de zähmet çekmek üçin deň şertleri döretmek «Merkezi Aziýada we Owganystanda zenanlaryň ykdysady hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň ösdürilmegi» atly halkara onlaýn forumda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu çäre öňňin Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisi we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan guraldy. Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň howandarlygynda geçýän köptaraply duşuşyga türkmen tarapyndan Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýanyň telekeçi zenanlarynyň önümleriniň wideosergisi guraldy. Bu sergi gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň paýtagtynda geçirildi.

Belent maksatly ösüşler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen döwletiniň daşary syýasy ugrunyň esasy ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, goňşy we beýleki döwletler bilen ynsanperwerlik hem-de medeni gatnaşyklaryň çäklerini barha giňeldýär. Şeýlelikde, ýurdumyz daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine doly esaslanýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy biziň mukaddes gymmatlygymyzdyr, bagtyýar durmuşymyzyň manysydyr, öňümizde goýan baş maksadymyzdyr we dünýä parahatçylygyň nuruny çaýýan beýik mertebämizdir. Baky Bitaraplyk bize asuda, eşretli durmuşy bagyş etdi. Baky Bitaraplyk mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň esasy daýanjy bolup, türkmen halkyny täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyryjy güýçdür. Häzirki döwürde islendik ýurduň ykdysady, medeni ösüşi diňe parahatçylyk, abadançylyk we durnuklylyk ýagdaýynda rowaçlanýar. Şoňa görä-de, parahatçylyk söýüjiligiň ata-baba dowam edip gelýän ýörelgeleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ildeşlerimiziň tutuş süňňüne ornaşandyr. Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna görä, dünýäde parahatçylygy ýaýmaga, hoşniýetl

Hyzmatdaşlyk täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-de gepleşikleri geçirdi 9—11-nji iýun aralygynda milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde gulluk iş sapary bilen bolup, birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Özara bähbitlilik esasynda

Özara bähbitlilik esasynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti 9 — 11-nji iýun aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde gulluk iş sapary bilen bolup, birnäçe duşuşyklary geçirdi. 10-njy iýunda türkmen wekiliýetiniň BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar energetika, ulag, maýa goýumlar, oba hojalygy ulgamlarynda we beýlekilerde gatnaşyklaryň geriminiň mundan beýläk-de giňeldilmegi nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň bu saparynyň ähmiýetini nygtadylar.