Özara bähbitlilik esasynda

14 Iýun 2021
1046

Özara bähbitlilik esasynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti 9 — 11-nji iýun aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde gulluk iş sapary bilen bolup, birnäçe duşuşyklary geçirdi.

10-njy iýunda türkmen wekiliýetiniň BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar energetika, ulag, maýa goýumlar, oba hojalygy ulgamlarynda we beýlekilerde gatnaşyklaryň geriminiň mundan beýläk-de giňeldilmegi nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň bu saparynyň ähmiýetini nygtadylar.