Türkmenistanyň wekiliýeti XXIV Peterburg halkara ykdysady forumyň işine gatnaşdy

17 Iýun 2021
1077

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 3-4-nji iýunda RF-niň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda bolup, ХХIV Peterburg halkara ykdysady forumyň işine gatnaşdy.

Häzirki döwürde dostlukly, netijeli we strategik häsiýete eýe bolan döwletara türkmen-rus gatnaşyklary täze mazmuna eýe bolýar. Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine hem-de taryhy taýdan ýola goýlan gatnaşyklaryň esaslaryna daýanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Şolaryň hatarynda Russiýanyň möhüm ykdysady, ylmy we medeni hem-de ähmiýetli ulag merkezi bolan Sankt-Peterburg şäheri hem bar.