Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe

18 Iýun 2021
1049

Medeniýet — kämilligiň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilmegi çuň mana eýedir. Çünki, edebiýatyň we sungatyň sazlaşygynda döreýän gözellik ynsana ruhy baýlyk eçilýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň zähmetine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda birnäçe döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeni ojaklar gurlup, ulanylmaga berildi. Bularyň ählisi medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi üçin gönükdirilendir.