"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» koreý dilinde

7-nji fewralda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Daşary işler ministrliginiň guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara türkmen-koreý diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen gabat geldi.

«McDonald's» sanly satuwlar bilen girdejisini artdyrýar

Ge­çen hep­de «McDo­nald's» res­to­ran­lar top­lu­my çär­ýek­le­ýin ha­sa­ba­ty­ny çap et­di. Ha­sa­bat­da gör­nü­şi ýa­ly, kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si­niň ýe­ne iki es­se kö­pel­me­gi san­ly sa­tuw­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. San­ly sa­tuw­lar «McDo­nald's»-yň ösü­şi­niň esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji­si­dir. Şol se­bäp­li kom­pa­ni­ýa­nyň soň­ky ha­sa­bat çär­ýe­gin­dä­ki gir­de­ji­si ge­çen ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 13% ýo­kar­lan­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň el­tip ber­mek hyz­mat­la­ry in­di 100-den gow­rak ýurt­da­ky 33 müň «McDonald's» res­to­ra­nyn­da el­ýe­ter­li­dir. Ge­çen hep­dä­niň bir­ža söw­da­la­ryn­da «McDo­nald's»-yň her bir pa­ý­na­ma­sy ABŞ-nyň 258,99 dol­la­ryn­dan ba­ha­lan­dy.

«Amazon»-yň satyjysyz dükanlary köpelýär

«Ama­zon» kom­pa­ni­ýasy sa­ty­jy­syz azyk dü­kan­la­ry­ny art­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Şeý­le et­mek bi­len, kom­pa­ni­ýa öý­de iş­le­ýän we da­şar­da sy­ýa­hat ed­ýän aly­jy­la­ry özü­ne çek­me­gi mak­sat ed­ýär. Şeý­le dü­kan­lar hä­zir­ki wagt­da Nýu-Ýor­kuň, Siet­liň we Çi­ka­go­nyň mer­ke­zi bö­lek­le­rin­de he­re­ket ed­ýär. Sa­ty­jy­syz dü­kan­lar­da müş­de­ri­ler ar­ka­ýyn ha­ryt saý­lap, söw­da eder­ler we köp wagt sarp et­mez­den, ha­sap­la­şy­gy prog­ram­ma­la­r ar­ka­ly ama­la aşy­rar­lar.

«ChargePoint» holdingi Ýewropadaky stansiýalaryny artdyrýar

Elekt­rik ulag­la­ry­ny kuw­wat­lan­dy­ry­jy en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­ji «Char­ge­Point» holdingi Ýew­ro­pa­da­ky ba­zar li­der­le­ri­niň ha­ta­ryn­da öňe saý­lan­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne kom­pa­ni­ýa­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da nyrh­la­ry­nyň 9,49% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 13,85 dol­la­ry­na ýet­me­gi-de şa­ýat­lyk ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar söw­da do­la­ny­şy­gy ABŞ-nyň 4,15 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar­dyr. «Char­ge­Point» söw­da flot­la­ry we şah­sy elekt­rik ulag­la­ry üçin bäs­deş­li­ge ukyp­ly en­jam­la­ryň we prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­niň iň go­wu­sy diý­lip yk­rar edil­di.

Türkmenistan we Hytaý strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar

Pekin — Aşgabat, 5-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn milli Liderimiz HHR-iň Başlygynyň çakylygy boýunça Pekinde geçirilýän XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Şu gün döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylady.

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar» we giň özara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruna ygrarly bolmak bilen, ýakyn goňşulary, uzakdaky ýurtlar, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri, beýleki iri halkara guramalar bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň netijeliligini has-da berkitmäge we ösdürmäge uly ähmiýet berip, bu ugurda yzygiderli işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda geçiren giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda: «Biz Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli güýçlendirmegi-de maksat edinýäris» diýmek bilen, bu sebitiň Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa ýaly birnäçe döwletleri bilen özara hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny belledi. Häzirki wagtda döwletimiz köpugurly daşary syýasy işini ýokary depginde, işjeň ýagdaýda alyp barýar. Türkmenistan dünýäniň 150-den gowrak ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Ýurdumyz Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde okgunly ösýän döwletleriň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşy

Ýetilen sepgitler, täze gözýetimler

Şu gün — 7-nji fewralda Bitarap Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde esasy we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagyna 30 ýyl dolýar. Geçen taryhy döwürde däp bolan türkmen-koreý gatnaşyklary ileri tutulýan ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilip, iki ýurduň mümkinçiliklerine we häzirki döwrüň meýillerine laýyklykda, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Şanly senäniň öňüsyrasynda şular barada gürrüň etmek maksady bilen, habarçymyz Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin SUNG-ÇUL bilen söhbetdeş boldy. Onuň mazmunyny okyjylarymyza ýetirýäris. — Jenap ilçi, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy ýetip geldi. Muny biz geçen döwürde özara hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitler barada pikir alyşmak üçin amatly mümkinçilik hasaplaýarys...

ÝUNESKO kafedrasy: ilkinji ädimler

Hormatly Prezidentimiz ýakynda geçirilen iş maslahatynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny döretmek boýunça işleri çaltlandyrmagy hem-de ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň käbirini girizmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Täze kafedrany döretmäge Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu barada baýry ýokary okuw mekdebiniň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň dosenti, geografiýa ylymlarynyň doktory Röwşen Genjiýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: — Ilkinji nobatda, ýurdumyzyň degişli bilim ojaklarynda ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmeginiň bilim ulgamymyzyň we türkmen ylmynyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini dünýä derejesinde ýaýmaga mümkinçilik berjekdigini aýtmak gerek. Şeýle kafedralar häzir dünýäniň meşhur ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde hereket edýär. ÝUNESKO derejesinde gozgalýan we çözgüdini tapýan meselelerdir wezipeleriň birnäçesi gözbaşyny hut şol kafedralardan alyp gaýdýar.

Türkmenistan — Hytaý: durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda strategik hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň iri neşirleriniň we teleýaýlymlarynyň wekillerine interwýu berdi Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Hytaý Halk Respublikasynyň birnäçe teleýaýlymlarynyň we abraýly metbugat serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi. Milli Liderimiz bilen guralan sowal-jogap söhbetdeşligine Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi, hanym Ýuý Sýaoşuan gatnaşdy.

Türkmen-hytaý dostluk güli açylmyş

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri şu günlerimizde-de üstünlikli dowam etdirilýär. Öňki döwürlerde milletara hyzmatdaşlykda uly ähmiýete eýe bolan gadymy Beýik Ýüpek ýoly döwrebap röwüşde täzeden dikeldilýär, halklaryň dostlukly gatnaşygynyň ösmegine mümkinçilikler artdyrylýar. Türkmenleriň gadymy döwürlerden bäri ysnyşykly gatnaşyklary saklap gelen halklarynyň biri hem hytaýlylardyr. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde gadymy döwürlerde-de türkmen hem hytaý halklarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň bolandygy barada bellenip geçilýär.

Diplomatik poçtadan

Şweýsariýa Konfederasiýasy «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjy wagyz edilýär

Türkmenistan «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyny halkara tejribesine ornaşdyrmaga çalyşýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy. Sanly ulgam arkaly ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary – Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň täze teklipleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen birinji «Merkezi Aziýa – Hindistan» sammitine gatnaşdy. 2022-nji ýylyň sebitiň döwletleri we Hindistan üçin şanly sene – diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenendigi bellärliklidir. Sammite Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine bar bolan ägirt uly kuwwaty hem-de uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Şunuň bilen birlikde, sebit we ählumumy meseleleriniň wajyp ugurlary gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine Birleşen Milletler Guramasynyň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy, hususan-da, ýurdumyz tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna halkymyzyň milli gymmatlyklaryny girizmek boýunça öňe sürlen teklipleri babatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek meseleleri girizildi. Şunuň bilen birlikde, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisinde 2022-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyna we käbir beýleki meselelere hem garaldy. * * *

Halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

27-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitine gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylda bu ýurda bolan döwlet sapary türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm tapgyra öwrüldi hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly esas goýdy. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda daşary ýurtly kärdeşlerine ýüzlenip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ykdysadyýetlerimiziň çalt ösmegini üpjün etmelidigini, netijeli ulag, energetika we tehnologiýa ulgamyny döretmelidigini nygtady. Şol ulgam bolsa biziň döwletlerimize bäsdeşlik artykmaçlygynyň we ählumumy ösüşe häzirki zaman derejesinde ýakynlaşmagyň kepili bolar. Döwlet Baştutanymyzyň sammitde eden çykyşy uly üns we gyzyklanma bildirilip diňlenildi.

«Türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň uly mümkinçilikleri bar»

diýip, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili aýdýar Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýyl Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäniň ençeme döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagynyň 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçýär. Şolaryň biri-de Hindistan Respublikasydyr. Elbetde, bu ýurt bilen diplomatik gatnaşyklara badalga berilmeginiň şanly senesi resmi ýagdaýda 20-nji aprelde belleniler. Golaýda geçirilen iri syýasy çärä — birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitine dessin seslenmegi maksat edinip, biz Hindistanyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili bilen meýilleşdiren söhbetdeşligimiziň wagtyna biraz üýtgeşme girizdik.

Beýik ýüpek ýolunyň döwrebap nusgasy

Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi ulag diplomatiýasynyň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň hatarynda durýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Maksatnama ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny ösdürmäge, ulag babatda halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem iri taslamalary durmuşa geçirmäge, milli Liderimiziň öňe sürýän teklipleri esasynda halkara üstaşyr ulag geçelgelerini has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Munuň özi ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň artmagyna, ulag-logistika ulgamyna häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, şeýle hem maýa goýum serişdeleriniň işjeň çekilmegine oňyn täsir eder. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän ulag ulgamyny ösdürmegiň milli strategiýasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň binýadyny berkitmek, awtoulag, deňiz, şeýle-de demir ýollar arkaly Aziýa we Ýewropa yklymlaryny birleşdirmek, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak, logistik hyzmatlaryň milli ykdysadyýete edýän oňyn täsirini ýokarlandyrmak ýaly mak

Aşgabatda «Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

«7/24.tm», № 05 (88), 31.01.2022. 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça guralan «Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Üç günläp dowam eden serginiň dowamynda milli gymmatlyklarymyz, şol sanda alabaýlarymyz hakynda giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik döredildi. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň diwarlygynda bolsa Wepalynyň mysalynda türkmen sportunyň wagyz edilýändigi hakynda gürrüň berildi.

Bilelikde röwşen geljegiň bähbidine

Sýan NAÝÇEN,Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi: — 25-nji ýanwarda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn sammit geçirildi. Oňa HHR-iň Başlygy, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we sebitiň beýleki döwletleriniň Liderleri gatnaşyp, dabaraly hem-de dostlukly ýagdaýda geçilen ýola syn berdiler, geljekde öňde durýan wezipeleri kesgitlediler. Jenap Si Szinpin öz çykyşynda 30 ýyl mundan ozal Hytaý Halk Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýandygyny, munuň bolsa taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleriniň açylmagyna ýardam edendigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitinde sanly ulgam arkaly çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 25-nji ýanwary) Hormatly jenap Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy!