Halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

2 Fewral 2022
1012

27-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitine gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylda bu ýurda bolan döwlet sapary türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm tapgyra öwrüldi hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly esas goýdy.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynda daşary ýurtly kärdeşlerine ýüzlenip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ykdysadyýetlerimiziň çalt ösmegini üpjün etmelidigini, netijeli ulag, energetika we tehnologiýa ulgamyny döretmelidigini nygtady. Şol ulgam bolsa biziň döwletlerimize bäsdeşlik artykmaçlygynyň we ählumumy ösüşe häzirki zaman derejesinde ýakynlaşmagyň kepili bolar. Döwlet Baştutanymyzyň sammitde eden çykyşy uly üns we gyzyklanma bildirilip diňlenildi.