Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

3 Fewral 2022
847

Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine Birleşen Milletler Guramasynyň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy, hususan-da, ýurdumyz tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna halkymyzyň milli gymmatlyklaryny girizmek boýunça öňe sürlen teklipleri babatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek meseleleri girizildi. Şunuň bilen birlikde, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisinde 2022-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyna we käbir beýleki meselelere hem garaldy.

* * *