Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

7 Fewral 2022
906

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar» we giň özara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruna ygrarly bolmak bilen, ýakyn goňşulary, uzakdaky ýurtlar, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri, beýleki iri halkara guramalar bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň netijeliligini has-da berkitmäge we ösdürmäge uly ähmiýet berip, bu ugurda yzygiderli işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda geçiren giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda: «Biz Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli güýçlendirmegi-de maksat edinýäris» diýmek bilen, bu sebitiň Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa ýaly birnäçe döwletleri bilen özara hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny belledi.

Häzirki wagtda döwletimiz köpugurly daşary syýasy işini ýokary depginde, işjeň ýagdaýda alyp barýar. Türkmenistan dünýäniň 150-den gowrak ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Ýurdumyz Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde okgunly ösýän döwletleriň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine uly ähmiýet berýär. Şu gün — 7-nji fewralda bolsa Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Türkmenistanyň we Günorta Koreýanyň sebitde hem-de dünýäde bolup geçýän hadysalara garaýyşlarynyň birmeňzeşdigini aýratyn bellemek gerek. Häzirki döwürde birek-birege hormat goýmak we özara ynanyşmak esasynda ýola goýulýan türkmen-koreý hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.