"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Dostluk köprüleri pugtalandyrylýar

22-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda umumy bähbitleri nazara almak bilen, uly geljege eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Şol bähbitler bolsa ägirt uly mümkinçilikler hem-de giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde köpýyllyk bilelikdäki işiň uly tejribesi bilen berkidilendir.

Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz bilen «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän, ileri tutulýan ugurlar boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu gün «John Deere» we «Сase» kompaniýalarynyň ýokary hilli oba hojalyk tehnikalary ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda, «General Eleсtriс» kompaniýasynyň enjamlary elektroenergetika pudagynda, «Boeing» kompaniýasynyň öndürýän uçarlary bolsa raýat awiasiýasynda giňden ulanylýar. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, himiýa hem-de azyk senagaty, ulag we ekologiýa ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna berlen ýokary baha

24-nji fewralda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärlere hormatly Prezidentimiziň başyny başlan hem-de üstünlikli amala aşyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde çekýän tutanýerli zähmetine hem-de ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny, abadançylygyny goramaga goşan uly goşantlaryna hormat hökmünde BSGG-niň ýörite nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi. Bu şanly waka mynasybetli çärä milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gatnaşdylar.

Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň möhüm tapgyry

Şu ýylyň 23-nji fewralynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň merkezi edarasy ýerleşýän Ženewa şäherinde BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasyna garaldy. Mejlisiň işine Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekili gatnaşdy. Ol ýygnananlaryň ünsüni ýurdumyzyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Daşary söwda strategiýasynyň esasy wezipelerine çekdi. Şolaryň hatarynda milli ykdysadyýetiň önümçilik hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň dünýä bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, işewürlik ýagdaýyny hem-de maýa goýum işini mundan beýläk-de gowulandyrmak bar.

BSGG-niň ýörite nyşany Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna berlen ýokary bahadyr

Aşgabat, 24-nji fewral. Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de üstünlikli amala aşyrylýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde çekýän tutanýerli zähmetine hem-de ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny, abadançylygyny goramaga goşan uly goşantlaryna hormat hökmünde BSGG-niň ýörite nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi. Bu şanly waka mynasybetli çärä milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gatnaşdylar.

Bütindünýä Söwda Guramasy Türkmenistanyň bu düzüme goşulmagynyň möhüm tapgyryny tassyklady

2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň merkezi edarasy ýerleşýän Ženewa şäherinde BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasyna garaldy. Baş geňeşiň agza döwletleri ara alyp maslahatlaşmadan soň, bu ýüztutmany biragyzdan makulladylar hem-de BSG-niň döredilmegi hakynda Marrakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt (“işjeň synçy”) derejesini bermek baradaky çözgüdi kabul etdiler. Guramanyň tertip-kadalaryna laýyklykda, bu derejäniň alynmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy baradaky Iş topary döredildi.

BSGG-niň ýörite nyşany Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna berlen ýokary bahadyr

Aşgabat, 24-nji fewral (TDH). Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de üstünlikli amala aşyrylýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde çekýän tutanýerli zähmetine hem-de ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny, abadançylygyny goramaga goşan uly goşantlaryna hormat hökmünde BSGG-niň ýörite nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi. Bu şanly waka mynasybetli çärä milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gatnaşdylar.

Bütindünýä Söwda Guramasy Türkmenistanyň bu düzüme goşulmagynyň möhüm tapgyryny tassyklady

2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň merkezi edarasy ýerleşýän Ženewa şäherinde BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasyna garaldy. Baş geňeşiň agza döwletleri ara alyp maslahatlaşmadan soň, bu ýüztutmany biragyzdan makulladylar hem-de BSG-niň döredilmegi hakynda Marrakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt (“işjeň synçy”) derejesini bermek baradaky çözgüdi kabul etdiler. Guramanyň tertip-kadalaryna laýyklykda, bu derejäniň alynmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy baradaky Iş topary döredildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Tatarystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 22-nji fewral. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz dostlukly ýurduň iri sebitiniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynyň okgunly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şol hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Parahatçylykly we ylalaşykly ösüşiň özboluşly guraly

18-nji fewralda Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň berilmegi hem-de milli Liderimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň wekilleriniň hünär baýramyna aýratyn many-mazmun çaýdy. 19-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Watanymyzyň häzirki zaman taryhyna çuňňur akyl ýetirmäge ýardam etjek bu täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitabyň ýurdumyzyň dünýä giňişliginde alyp barýan işlerinde ileri tutýan düýpli çemeleşmelerine, eýeleýän ornuna, maksatdyr wezipelerine anyk göz ýetirmek üçin gymmatly gollanma boljakdygy ikuçsuzdyr. Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgesi bolup, dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli, deňhukukly, özara bähbitli syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine amatly mümkinçilikleri döredýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýy

Türkmenistan — Saud Arabystany Patyşalygy: köpugurly hyzmatdaşlygyň baý tejribesi

Said Osman Ahmed SUWEÝD,Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi: — Şu gün — 22-nji fewralda Saud Arabystany Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Geçen taryhy döwürde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähli ugurlarda yzygiderli ösdürilendigini ilkinji nobatda aýtmak gerek. Elbetde, bu ösüş taryhy, siwilizasion we medeni taýdan baglanyşykly bolup, ol döwletlerimiziň berk esaslara daýanýan hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek we giňeltmek üçin aýratyn şert bolup hyzmat edýär. Saud Arabystany Patyşalygy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar edip, 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, arap dünýäsiniň ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup 1997-nji ýylda Aşgabatda öz ilçihanasyny açdy.

Wenada «tegelek stol» maslahaty geçirildi

Awstriýa Respublikasy Golaýda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Wenanyň Diplomatik akademiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly mowzukda «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Türkmen Lideriniň halkara gatnaşyklaryň filosofiýasy hökmünde öňe süren täze başlangyjyny wagyz etmegiň çäklerinde guralan çäre Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Wenada işleýän ilçilerdir halkara guramalaryň wekilleri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat

Aşgabat, 18-nji fewral. Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ylmy maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatik işgärleriň hünär baýramy mynasybetli iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendigi bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletara we hökümetara derejelerde syýasy-diplomatik, halkara hukuk we söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talap bildirilýär.

«Dialog — parahatçylygyň kepili» — häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynyň filosofiýasy

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat Aşgabat, 18-nji fewral (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ylmy maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmen diplomatiýasy: hoşniýetlilige we sazlaşykly ýaşaýşa çagyryş

Düýn Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ylmy maslahatda ýurdumyzda hereket edýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, halkara gatnaşyklar boýunça hünärmenler çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň many-mazmuny, parahatçylyk söýüjilikli türkmen diplomatiýasynyň aýratynlyklary barada pikir-garaýyşlaryny paýlaşdylar. Biz olaryň käbiriniň çykyşlaryny okyjylarymyza ýetirýäris. Golamabbas ARBABHALES,Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi:

Türkmen-gazak hyzmatdaşlygy ösdürilýär

14-nji fewralda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlikde türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejedäki ynanyşmak, özara düşünişmek häsiýetine eýedigi, munuň bolsa ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da köptaraplaýyn esasda, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy depginli ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Hökümet wekiliýetiniň golaýda Aşgabada bolan netijeli sapary kanagatlanma bilen bellenildi. Şol saparyň barşynda örän netijeli gepleşikler geçirildi hem-de özara hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça pikir alşyldy.

Gatnaşyklar işjeň dowam etdirilýär

16-njy fewralda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik wekili hanym Narine Saakýany kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamada kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna gönükdirilen bilelikdäki işleri dowam etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna laýyklykda, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, sanlylaşdyrmagyň, howanyň üýtgemegi, saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy, adam hukuklary, ençeme beýleki meseleleriň ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykarylandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jogapkärli işinde Narine Saakýana üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistanyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň geljekde has-da işjeň dowam etdiriljekdigine pugta ynam bildirdi.

Diplomatik poçtadan

Türkiýe Respublikasy Ýylyň şygary wagyz edilýär

Olimpiýa hereketine ygrarlylyk Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Mähriban Arkadagymyzyň giň gerimli tagallalary netijesinde, ata Watanymyzyň sporty hil taýdan täze sepgitlere çykdy. Diýarymyzda ugurdaş düzümler yzygiderli kämilleşdirilýär we giňeldilýär, türgenler hem-de olaryň tälimçileri üçin hemme şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz sebit we dünýä derejesindäki sport merkezleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny ynamly pugtalandyrýar. Ýokary üstünlikli sporty höweslendirmek bilen bir hatarda, uzakmöhletli umumymilli maksatnamanyň häsiýetine we giň gerime eýe bolan milli bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy. Döwlet Baştutanymyzyň «ak» Olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy Diýarymyzda sporty ösdürmäge we wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilini kabul etdi

Aşgabat, 16-njy fewral. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik wekili hanym Narine Saakýany kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi. Baş sekretar ösüşlere beslenen özgertmeler ýoly bilen ynamly barýan Garaşsyz Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.