Türkmenistan — Saud Arabystany Patyşalygy: köpugurly hyzmatdaşlygyň baý tejribesi

22 Fewral 2022
921

Said Osman Ahmed SUWEÝD,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi:

— Şu gün — 22-nji fewralda Saud Arabystany Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Geçen taryhy döwürde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähli ugurlarda yzygiderli ösdürilendigini ilkinji nobatda aýtmak gerek. Elbetde, bu ösüş taryhy, siwilizasion we medeni taýdan baglanyşykly bolup, ol döwletlerimiziň berk esaslara daýanýan hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek we giňeltmek üçin aýratyn şert bolup hyzmat edýär. Saud Arabystany Patyşalygy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar edip, 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, arap dünýäsiniň ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup 1997-nji ýylda Aşgabatda öz ilçihanasyny açdy.