Parahatçylykly we ylalaşykly ösüşiň özboluşly guraly

23 Fewral 2022
882

18-nji fewralda Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň berilmegi hem-de milli Liderimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň wekilleriniň hünär baýramyna aýratyn many-mazmun çaýdy. 19-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Watanymyzyň häzirki zaman taryhyna çuňňur akyl ýetirmäge ýardam etjek bu täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitabyň ýurdumyzyň dünýä giňişliginde alyp barýan işlerinde ileri tutýan düýpli çemeleşmelerine, eýeleýän ornuna, maksatdyr wezipelerine anyk göz ýetirmek üçin gymmatly gollanma boljakdygy ikuçsuzdyr.

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgesi bolup, dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli, deňhukukly, özara bähbitli syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine amatly mümkinçilikleri döredýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda alnyp barylýan işlerdir öňe sürülýän başlangyçlar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Şunda ýurdumyzyň diplomatik gullugyna aýratyn orun degişlidir. Milli Liderimiziň teklipdir başlangyçlarynyň sebit hem-de halkara derejede işjeň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan türkmen diplomatlary bu günki gün hoşniýetli daşary syýasatyň abraýyny has-da artdyrmak ugrunda irginsiz tagalla edýärler.

Laçyn ÖWEZGELDIÝEWA.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Maglumat-seljeriş deportamenti.