Türkmen-gazak hyzmatdaşlygy ösdürilýär

18 Fewral 2022
839

14-nji fewralda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşlikde türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejedäki ynanyşmak, özara düşünişmek häsiýetine eýedigi, munuň bolsa ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da köptaraplaýyn esasda, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy depginli ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Hökümet wekiliýetiniň golaýda Aşgabada bolan netijeli sapary kanagatlanma bilen bellenildi. Şol saparyň barşynda örän netijeli gepleşikler geçirildi hem-de özara hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça pikir alşyldy.

"Nesil".