"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Türkmen-rus gatnaşyklary berkidilýär

8-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklaryň depginli ösüşi kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistan bilen Russiýanyň ykdysady gatnaşyklary meselesine aýratyn üns berildi. Umumy pikire görä, iki goňşy döwletiň halklarynyň ýakynlaşmagynda, olaryň arasynda dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynda medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilmegi möhüm şert bolup hyzmat edýär. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda Russiýa tarapynyň işjeň ornuna kanagatlanma bildirdi, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 9-njy aprel. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman öz ýurdunyň Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip hem-de Russiýada Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ähmiýet berilýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi. Dostlukly döwletiň Hökümet Baştutany döwlet Baştutanymyza hem-de onuň üsti bilen ähli türkmen halkyna türkmen-rus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Aşgabat, 9-njy aprel (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýurdumyza iş sapary bilen gelen Hökümet Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen 8-nji aprelde geçirilen telefon söhbetdeşliginde garalan meseleler bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Tagallalary birleşdirip

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň 1 — 4-nji apreldäki Türkmenistana döwlet sapary iki ýurduň bilim ugurly hyzmatdaşlygyny has-da berkitmegiň hem esasyny goýdy. Hindistan Respublikasynyň Prezidenti ýurdumyza ilkinji saparynyň çäklerinde paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hindi maksatnamasynyň (ITEC) hem-de Medeni aragatnaşyklar boýunça hindi geňeşiniň (ICCR) çäklerinde bilim alan we hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşan, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hindi dilini öwrenen türkmen raýatlary bilen duşuşdy. Onda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda uzak möhletleýin esasda, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak arkaly, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi iki ýurduň maksat edinýändigi tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, bilim hyzmatdaşlygy, şol sanda dünýä dilleriniň öwrenilmegi dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Türkmenistan — ABŞ:

netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugry bilen 10-njy aprelde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Geçen taryhy döwürde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça üstünlikli ösdürilip, häzirki wagtda täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar.

Birža söwdalary

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 63-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan, BAE-den, Ow­ga­nys­tan­dan, Tür­ki­ýe­den, Bol­ga­ri­ýa­dan we Öz­be­gis­tan­dan ge­len te­le­ke­çi­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len aw­to­ben­zi­ni we su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ri­len nah ýüp­lü­gi we dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 24 mil­lion 304 müň 800 dol­la­ry­na deň bol­dy.

«Micro­soft» «Mi­nit» kom­pa­ni­ýa­sy­ny sa­tyn al­dy

«Micro­soft» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy «Mi­nit» kom­pa­ni­ýa­sy­ny sa­tyn alan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň gu­ra­ma­la­ry­dyr kär­ha­na­la­ry ama­ly dur­nuk­ly­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we san­ly ul­ga­ma geç­me­gi çalt­lan­dyr­ma­ga da­laş ed­ýär­ler. «Mi­nit» kom­pa­ni­ýa­sy eda­ra-kär­ha­na­la­ra sel­je­riş, gö­zeg­çi­lik we op­ti­mi­za­si­ýa usul­la­ryn­da san­ly ul­ga­ma geç­mek hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýär. «Mi­nit» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hyz­mat­la­ry «Micro­soft»-yň müş­de­ri­le­ri­ne san­ly­laş­dyr­ma­ga we ama­ly ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga kö­mek eder. Ge­çen bir­ža söw­da­la­ryn­da «Micro­soft» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­sy­nyň ba­ha­sy ABŞ-nyň 308,95 dol­la­ry­na deň bol­dy.

Aşgabat duşuşygy: türkmen-hindi gepleşikleri taryhy ähmiýete eýedir

Inderwir SINGH, «Business Central Asia» žurnalynyň baş redaktory. Hindistanda bizi Türkmenistan bilen baglanyşdyrýan iki esasy aýratynlyk bar. Olaryň biri — Delide ýerleşýän Türkmen derwezesi. Onuň töwereginde agşamlaryna paýtagtyň ýaşaýjylary «pakora» diýip atlandyrylýan tagamly hindi hurşuny satyn almak üçin nobata durýarlar. Çäklerinde lomaý söwda bazarlarynyň ýerleşýändigi üçinem şäher ilaty günüň dowamynda ençeme gezek bu derwezäniň adyny agzamaly bolýar. Şoňa görä-de, «türkmen» sözi biziň adaty durmuşymyza mahsus düşünje hasaplanýar. Beýleki bir sebäp, Beýik Mogollar imperiýasynyň şasy Ekberiň ady rowaýata öwrülen atalygy we serkerdesi Baýram han bilen baglanyşyklydyr. Han Baba diýlip tanalan bu şahsyýet şol bir wagtda şahyr hem bolupdyr. Türkmenleriň baharly tiresinden bolan meşhur serkerdäniň gubury Güjerat welaýatynda ýerleşýär. Baýram hanyň Gündogaryň görnükli filosofy bolandygyny hiç kim inkär etmese gerek...

Türkmen – hindi hyzmatdaşlygynda sport we ýaşlar syýasaty

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň Ýaşlar işleri we sport ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyran Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň gatnaşmagynda dürli ugurlarda türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmen-hindi dostlugynyň täze keşbi

Türkmenistan ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine kybap gelýän giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, olaryň üstüni ýetirmek boýunça degişli çäreleri görýär. Munuň şeýledigini 1 — 4-nji aprelde Hindistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda döwlet saparynda bolmagynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli türkmen-hindi gepleşikleri, kabul edilen resminamalar doly subut edýär. Örän baý tebigy serişdelere, ägirt uly ylmy-tehniki we işgärler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetde uly öňegidişlikleri gazandy. Şoňa görä-de, bu gün ýurdumyz milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen we sanly ulgam arkaly ösdürmek babatda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirýär. Hindistan Respublikasynyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşykda birnäçe wezipeler bilen birlikde, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygyny we ony bellenen möhletlerde tamamlamak üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy deňiz porty arkaly Hindistana çykjak geçelgeleri döretmek teklibini öňe sürdi. Bu bolsa iki ýurt üçinem, sebitiň beýleki döwletleri üçinem ykdysady taýdan örän amatlydyr.

Türkmenistan — Russiýa: strategik hyzmatdaşlyk we täze gözýetimler

Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 1992-nji ýylyň 8-nji aprelinde diplomatik gatnaşyklaryň resmi taýdan ýola goýlan senesinden bäri dostluk, açyklyk, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklary yzygiderli ösdürilip, hil taýdan täze derejä çykaryldy. Bu gün biziň ýurtlarymyz döwletara gatnaşyklaryň 30 ýyllyk ýubileýini ýakyn dost, ynamly hem ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garşylaýarlar. Habarçymyz bu şanly senäniň öňüsyrasynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr BLOHIN bilen söhbetdeş bolup, oňa türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary barada käbir sowallar bilen ýüzlendi.

Taryhy gatnaşyklaryň täze sahypasy

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyz halkara gatnaşyklarynda uly üstünlikleri gazanýar. Türkmen-hindi gatnaşyklaryndaky täze sahypalar bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatynyň çuň mazmunyny dabaralandyrdy. Türkmen-hindi gatnaşyklarynyň özüniň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdandygyny, Beýik Ýüpek ýolunyň bir şahasynyň Hindistan tarapa uzap gidýändigini taryhy maglumatlar subut edýär. Magtymgulynyň wasp eden ýurdy, Baýram han Türkmeniň nesibesi çekip döwlet dolandyryş işinde işlän ýurdy bolan Hindistan bilen gatnaşyklar medeniýetlerimiziň ýakynlaşmagyna hem oňyn täsir edipdir. Türkmenistan bilen Hindistanyň ýakyn dostlukly we taryhy gatnaşyklara eýedigine 1650-nji ýyllarda Delide gurlan «Türkmen derwezesi» şaýatlyk edýär. Hindi filmleri, aýdym-sazlary türkmen halkynyň ýüreginde aýratyn orun tutýar.

Halkara ulag hyzmatdaşlygy

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana ilkinji taryhy saparyny amala aşyrmagynyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça ýokary derejeli gepleşikleriň geçirilmegi, şunda ulag-energetika, söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň barha üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar. Garaşsyz Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça anyk wezipelere seredilmegi, ýurdumyzyň bütin dünýäde durnukly ösüşi, ynanyşmagy, oňyn halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, hususan-da,  häzirki wagtda barha derwaýys ähmiýete eýe bolýan ulag ulgamynda gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmak we netijeli ugurlary döretmek babatda durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasyny aýdyň açyp görkezýär.

Bitewi dünýä — bitewi geljek

Düýn Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde ýetilen sepgitler bilen bagly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň, halkara guramalaryň wekilleri, professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew, ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky Ýerine ýetiriji wekili Aýna Seýitliýewa, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Aleksandru Nartea, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri Maral Güjikowa, Ogulmähri Geldiýewa hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy Leýli Öwezberdiýewa dagy çykyş etdi. Agzalan guramalar bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy, ýurtda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler, öňde duran wezipeler, ekologik abadançylygyň saglyga täsiri, «bitewi saglyk» düşünjesi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýan işler çykyşlaryň özenini düzdi.

Deliden Aşgabada uzaýan ýürekdeşlik ýollary

Hindistan — Magtymguly atamyzyň: «Hindige bagş etdiň ýeriň ýagşysyn» diýip, görmegi arzuwlan behişdi ýurdy. Hindistan — şalynyň, gowaçanyň, şekerçiňrigiň watany, öý guşlarynyň eldekileşdirilen mekany. Hindistan — dünýä medeniýetine küşti, 0 (nol) sanyny, häzirki «arap sanlary» atlandyrylan san ulgamyny beren ýurt. Hindistan — ata-babalarymyzyň döwlet guran künjekleriniň biri. Deli şäherinde pederlerimize hormat hökmünde Türkmen derwezesiniň gurlan ýurdy. Mälim bolşy ýaly, türkmenleriň ata-babalary bilen Hindistanda ýaşan halklaryň arasyndaky gatnaşyklar taryhyň jümmüşine uzap gidýär. Altyndepe bilen Harappanyň, Marguş bilen Mohenjo-daronyň arasynda medeni gatnaşyklaryň bolandygyny ylym bireýýäm subut etdi. Türkmenistanyň gadymy we orta asyrlardaky iri şäherleriniň biri bolan Merwdäki Hinduwan derwezesi (Hindi derwezesi), Hindistanyň paýtagtynyň merkezinde gurlan Türkmen derwezesi, Delidäki Kutb minarasy hem-de Köneürgençdäki edil şoňa meňzeş bolan Gutlug Temiriň minarasy iki halkyň medeni gatnaşyklarynyň binagärlik nyşanlarydyr.

Türkmenistan – Hindistan: hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesi

1-nji aprelde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany garşylamak dabarasy boldy. Paýtagtymyzyň howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňündäki meýdançada Hindistan Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy. 2-nji aprelde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi. Döwlet Baştutanymyz bu gepleşikleriň netijeleriniň iki dostlukly halkyň hem-de döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge hyzmat etjekdigine, ähli ugurlardaky özara gatnaşyklara kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Işjeň, netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şolarda söwda-ykdysady ulgam möhüm orun eýeleýär. Bu babatda energetika, senagat we ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda, oba hojalygynda, söwdada hem-de beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Şol bir wagtda-da biziň ýurtlarymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar

Ulag diplomatiýasy aýdyň ösüşlere beslenýär

Ýurdumyzyň bagtyýarlyk döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda dünýä ýüzünde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň ulag diplomatiýasyny kämilleşdirip, halkara derejesindäki beýik başlangyçlary amala aşyrmagy, onuň bu ugurda eýeleýän ornuny has-da ýokarlandyrýar. Ýurdumyzda ulag diplomatiýasynyň işjeňleşdirilmegi döwletimiziň berkararlygynyň, sebitde we dünýäde durnukly ulag ulgamyny pugtalandyrmagyň we onda howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine gönükdirilýär hem-de daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmak, bu ugurda döwlet meýilleşdiriş ulgamyny, bitewi milli ulag syýasatyny we kanunçylygyny kämilleşdirmek we durmuşa geçirmek boýunça giň strategik maksatlar hem çäreler toplumy amala aşyrylýar. Şeýlelikde, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» kabul edilip, halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny öňe ilerl

Türkmen — hindi gatnaşyklarynyň täze basgançagy

Ynsanlaryň arasyndaky dostluk mizemez ynama daýanýar. Köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halklaryň arasyndaky dostluk bolsa syýasy, ykdysady we medeni babatdaky özara ynanyşmak ýol-ýörelgelerine daýanýar we berkeýär. Türkmen-hindi dostluk gatnaşyklary hem şeýle ynsanperwer ýörelgeli häsiýete eýedir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň bahar pasly ýurdumyzyň syýasy durmuşynda-da, jemgyýetçilik durmuşynda-da ýatdan çykmajak buýsançly wakalara baýdygy bilen tapawutlanýar. Bu pasylda şeýle ýakymly wakalaryň ýene biri hem 1– 4-nji aprel aralygynda Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparynda bolmagydyr. Bu döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda dostlukly döwletiň Baştutanynyň ýurdumyza ilkinji sapary bolup, türkmen-hindi halklarynyň dostlugynyň täze tapgyrynyň başlangyjyna öwrüldi.

Dostlukly türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm tapgyr

2-nji aprelde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi. Irden belent mertebeli myhman «Ýyldyz» myhmanhanasynda özi üçin niýetlenen kabulhanadan motosikletçileriň hormat nyzamynyň, soňra bolsa atly hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumyna geldi.

Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň dowamyndaky Bilelikdäki türkmen-hindi beýannamasy

1. Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Onuň Alyhezreti Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Şri Ram Nath Kowind 2022-nji ýylyň 1 — 4-nji aprelinde Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana taryhda ilkinji sapary bolup durýandygy bilen bellidir. 2. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça hemmetaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler. Döwlet Baştutanlary köpasyrlyk ysnyşykly siwilizasion-medeni gatnaşyklara, dostluga, ynanyşmaga hem-de özara düşünişmäge esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dowam edýän ösüşine kanagatlanma bildirdiler. Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň möhümdigini bellediler.