Deliden Aşgabada uzaýan ýürekdeşlik ýollary

7 Aprel 2022
1163

Hindistan — Magtymguly atamyzyň: «Hindige bagş etdiň ýeriň ýagşysyn» diýip, görmegi arzuwlan behişdi ýurdy. Hindistan — şalynyň, gowaçanyň, şekerçiňrigiň watany, öý guşlarynyň eldekileşdirilen mekany. Hindistan — dünýä medeniýetine küşti, 0 (nol) sanyny, häzirki «arap sanlary» atlandyrylan san ulgamyny beren ýurt. Hindistan — ata-babalarymyzyň döwlet guran künjekleriniň biri. Deli şäherinde pederlerimize hormat hökmünde Türkmen derwezesiniň gurlan ýurdy.

Mälim bolşy ýaly, türkmenleriň ata-babalary bilen Hindistanda ýaşan halklaryň arasyndaky gatnaşyklar taryhyň jümmüşine uzap gidýär. Altyndepe bilen Harappanyň, Marguş bilen Mohenjo-daronyň arasynda medeni gatnaşyklaryň bolandygyny ylym bireýýäm subut etdi. Türkmenistanyň gadymy we orta asyrlardaky iri şäherleriniň biri bolan Merwdäki Hinduwan derwezesi (Hindi derwezesi), Hindistanyň paýtagtynyň merkezinde gurlan Türkmen derwezesi, Delidäki Kutb minarasy hem-de Köneürgençdäki edil şoňa meňzeş bolan Gutlug Temiriň minarasy iki halkyň medeni gatnaşyklarynyň binagärlik nyşanlarydyr.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.