Türkmenistan ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine kybap gelýän giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, olaryň üstüni ýetirmek boýunça degişli çäreleri görýär. Munuň şeýledigini 1 — 4-nji aprelde Hindistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda döwlet saparynda bolmagynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli türkmen-hindi gepleşikleri, kabul edilen resminamalar doly subut edýär.
Örän baý tebigy serişdelere, ägirt uly ylmy-tehniki we işgärler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetde uly öňegidişlikleri gazandy. Şoňa görä-de, bu gün ýurdumyz milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen we sanly ulgam arkaly ösdürmek babatda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirýär. Hindistan Respublikasynyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşykda birnäçe wezipeler bilen birlikde, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygyny we ony bellenen möhletlerde tamamlamak üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy deňiz porty arkaly Hindistana çykjak geçelgeleri döretmek teklibini öňe sürdi. Bu bolsa iki ýurt üçinem, sebitiň beýleki döwletleri üçinem ykdysady taýdan örän amatlydyr.