Türkmen-rus gatnaşyklary berkidilýär

11 Aprel 2022
899

8-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklaryň depginli ösüşi kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistan bilen Russiýanyň ykdysady gatnaşyklary meselesine aýratyn üns berildi. Umumy pikire görä, iki goňşy döwletiň halklarynyň ýakynlaşmagynda, olaryň arasynda dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynda medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilmegi möhüm şert bolup hyzmat edýär. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda Russiýa tarapynyň işjeň ornuna kanagatlanma bildirdi, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

"Nesil".