"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Ähli döwürleriň şahyry

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanyna ýazan sözbaşysy hakda oýlanma Azzeddin ben ZAGIBA,Birleşen Arap Emirlikleriniň “Juma el-Majid” medeniýet we miras merkeziniň başlygynyň orunbasary, filologiýa ylymlarynyň doktory, “Magtymguly Pyragy” medalynyň eýesi.  

Netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat

24-nji iýunda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Welosipedçileriň halkara birleşiginiň wise-prezidenti, Aziýa welosport konfederasiýasynyň prezidenti Osama Al Şafary kabul etdi. Hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň soňky ýyllarda uly meşhurlyga eýe bolandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, ynsan ömrüniň dowamlylygynyň artdyrylmagyna möhüm üns berilýär. Häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegine we onuň raýatlarymyzyň arasynda giňden wagyz edilmegine aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Bu ugurda ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Duşuşyk guraldy

Türkmenabat şäherindäki «Ýüpek ýoly» myhmanhanasynda Birleşen Milletler guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk guraldy. Oňa welaýatymyzyň migrasiýa gullugynyň işgärleri, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda adamyň bähbidini goramak, onuň hak-hukuklaryny üpjün etmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi. Halkara derejeli hukukçylar bu ugurda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalarynyň döwrüň talabyna doly laýyk gelýändigini belläp, migrasiýa we beýleki gulluklaryň alyp barýan işlerine ýokary baha berdiler. Duşuşykda jemgyýetde sazlaşykly hereketleriň dowam etmegini gazanmak maksady bilen geljekki wezipeleriň anyk meýilnamasy kesgitlenildi.

TÜRKSOÝ halkara guramasynyň wekilleri Türkmenabatda myhmançylykda boldular

Türki halklaryň Medeniýet hepdeligine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen TÜRKSOÝ halkara guramasynyň wekilleri welaýatymyzda myhmansöýerlik bilen garşylanyldy. Myhmanlaryň hatarynda gyrgyz, gazak, türk, azerbaýjan, özbek milletleriniň wekilleri bar. Myhmanlar TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde Medeniýet hepdeligine gatnaşarlar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 31 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, BAE-den, Azerbaýjandan, Türkiýeden we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler dizel ýangyjyny, awiakerosini, «B» markaly karbamidi we nebit bitumyny satyn aldylar. Şeýle-de dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 53 million 380 müň 100 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Arkadag şäherinde halkara maýa goýum forumy geçiriler

30-njy iýunda Arkadag şäherinde ýerleşýän «Märkaw» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň guramagynda «Arkadag — «akylly» şäher» atly halkara maýa goýum forumy geçiriler. Bu halkara foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan 200-den gowrak hususy kompaniýalaryň hem-de iri ugurdaş halkara guramalaryň, banklaryň wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Özbegistan — Türkmenistan — Eýran geçelgesiniň ösdürilmegi ylalaşyldy

Özbegistan bilen Eýran Özbegistan — Türkmenistan — Eýran üçtaraplaýyn multimodal ulag geçelgesini ösdürmek barada ylalaşyk gazandy. Bu ylalaşyklar Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Makhamow bilen Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri Mehrdod Bazrpoşyň arasynda ýekşenbe güni Daşkentde geçirilen gepleşikleriň dowamynda gazanyldy.

Tejribe alyşdylar

21-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň wekilleri wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdiler. Duşuşykda taraplar daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda, harytlary toparlara bölüniş kodlarynyň ulgamyny işläp taýýarlamak babatda tejribe alyşdylar. Russiýaly gümrükçiler Federal gümrük gullugy tarapyndan ulanylýan daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy, harytlaryň toparlara bölüniş ulgamynyň işi, bu ugurda bellenen jogapkär düzüm birlikler we olaryň ýerine ýetirýän işleri barada gürrüň berdiler.

Germaniýada Türkmenistanyň işewürlik güni geçiriler

Türkmenistanyň işewürleri, ýurduň syýasy we ykdysady pudaklarynyň wekilleri 26-29-njy iýun aralygynda Germaniýada saparda bolup, olar 27-nji iýunda Dýusseldorf şäheriniň işewürler binasynda geçiriljek Türkmenistanyň işewürlik gününe gatnaşarlar. Bu forum nebit-himiýa, gurluşyk we dokma senagaty meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanar.

Söwda mümkinçilikleri giňeldiler

17-18-nji iýunda Eýranyň Maşat şäherinde ýerleşýän Söwda, senagat, magdan we oba hojalygy edarasynda geçirilen «Eýranyň we Türkmenistanyň eksport we söwda mümkinçilikleri» atly maslahatynda Türkmenistanyň we Eýranyň telekeçileri özara söwda mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Iki gün dowam eden işewürlik maslahatyna Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri, Horasan Razawi welaýatynyň resmi wekilleri, eýran-türkmen bilelikdäki söwda edarasynyň başlygy Mohammed Nejad, Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, şeýle hem Eýranyň işewür we söwda guramalarynyň agzalary gatnaşdylar.

Sultan RAÝEW: «Türkmenistan Türki medeniýetiň ösmegine saldamly goşant goşýar»

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli 24 — 29-njy iýunda geçirilýän Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi paýtagtymyzda dabaraly ýagdaýda dowam edýär. Bu gurama agza döwletlerden — Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkiýeden gelen medeniýet hem-de sungat ussatlary hepdeligiň meýilnamasyna girizilen medeni çärelere işjeň gatnaşýarlar. Biz hem halkara medeni forumyň dabaraly açylyşyna hormatly myhman hökmünde gatnaşan TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan RAÝEWE käbir sowallar bilen ýüzlendik. — Hormatly Sultan Raýew, sizi Aşgabatda hoş gördük! Sizi Türki medeniýetiň halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Gymmatly baýlygyň goragynda

Golaýda paýtagtymyzda utgaşykly görnüşde «Sebitde suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak boýunça çäreler üçin maliýe we maýa goýum goldawy» atly maslahat geçirildi. Foruma Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Taslama hyzmatlary edarasynyň Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň müdiri, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň suw baýlyklary boýunça milli dialoglarynyň utgaşdyryjysy, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy komissiýasynyň Ylmy-maglumat merkeziniň müdiri, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik meseleler boýunça merkeziniň (CAREC) Ýerine ýetiriji direktory, Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň Ylmy-maglumat merkeziniň müdiri, German halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) wekilleri, suw baýlyklary we howanyň üýtgemegi boýunça alymlar hem-de hünärmenler gatnaşdylar.

Türkmenistan — TÜRKSOÝ: döredijilik hyzmatdaşlygy berkidilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen eziz Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýar. Il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli beýik işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda medeniýet ulgamyny hem ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda dürli medeni çäreleri, şol sanda bäsleşikleri, Medeniýet hepdeligini, şeýle hem dostlukly ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini, dürli ýurtlaryň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini, halkara festiwallary, maslahatlary geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şu günler ýurdumyzyň paýtagtynda Medeniýet hepdeliginiň üstünlikli dowam edýändigi munuň aýdyň subutnamasydyr.

TÜRKMEN — EÝRAN DOSTLUGY: gadymy gatnaşyklaryň täze sahypasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli edýän tagallalary, işlemäge döredýän mümkinçilikleri tutumly işlerimiziň hemmesiniň rowaçlanmagyna ýardam berýär. Iş saparlary bilen daşary döwletlerde bolan wagtymyz muňa doly göz ýetirýäris. Şu ýylyň 30-31-nji maýynda Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar öňden gelýän dostlukly gatnaşyklarymyzyň berkemegine, netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine uly itergi beren ähmiýetli waka öwrüldi. Her gezek, nesip çekip, iş sapary bilen ýola düşenimizde, gaýry ýurda ilkinji gezek gidýän ýaly tolgundyryjy duýgyny başdan geçirýäris. Bu, belki, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň metbugat wekillerine bildirýän ynamlarynyň täsirinden döreýän bolmagy mümkin. Ynamyň güýji her bir ynsany uly jogapkärçilige borçly edýär. Şol bildirilýän ynamy ýerine salmak bolsa biziň Watanyň öňündäki bergimizdir. Şu gezek hem şeýle boldy. Iş saparyň çäginde Gahryman Arkadagymyzyň ýanynda bolan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň medeni maksatnama esasynda baryp, gören, tanşan ýerlerinde ýanynda habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň bolmagy, bizi hem tolgundyran, hem buýsandyran waka boldy. Mähriban zenanyň

Türkmenistan — TÜRKSOÝ: köpöwüşginli baýramçylyk ruhy

Şu gün Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi açylýar. Bu medeni forum Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Halkara çäräniň ýurdumyzda dowam edýän Medeniýet hepdeligi bilen utgaşykly guralmagynda aýratyn many-mazmun bar. Çünki Türkmenistan TÜRKSOÝ guramasy, türki dünýäniň ýurtlary bilen gatnaşyklary, şol sanda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýär, üstesine, bu ýurtlary gadymy dost-doganlyk ýörelgeleri, taryhy-medeni kökler, hoşniýetli däpler birleşdirýär. Türki döwletleriň 24 — 29-njy iýun aralygynda paýtagtymyzda geçirilmegi bellenen Medeniýet hepdeliginiň meýilnamasy uly we baý çäreleri göz öňünde tutýar. Çäreler köpöwüşginli baýramçylyk ruhuny wada berýär. Olara Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň medeniýet we sungat ussatlary gatnaşar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýeri bolar. Soňra hepdelik paýtagtymyzyň köp sanly medeni ojaklarynda, hususan-da, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde we elbetde, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dowam eder.

Zenanlar dialogy: dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistan sebit we dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklaryny yzygiderli işjeňleşdirýär. Dostluk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň işi-de netijeliligi, yzygiderliligi bilen öz ornuny pugtalandyrýar. 2020-nji ýylda Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň hem-de Türkmenistanyň wekilleri tarapyndan BMG-niň goldamagynda döredilen zenanlaryň dialogy sebitiň taryhynda şeýle görnüşdäki ilkinji düzümdir. Ol sebitde gender deňligini üpjün etmekde alnyp barylýan işleriň has netijeli bolmagyna uly itergi berýär. Gender deňligini üpjün etmek, ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek Durnukly ösüş maksatlarynyň 17 ugrunyň biridir. 2021-nji ýylda bu möhüm düzümiň işine Özbegistan Respublikasy, 2022-nji ýylda Türkmenistan döwletimiz ýolbaşçylyk edipdi. 2023-nji ýylda onuň işine başlyklyk etmek Gazagystan Respublikasynyň paýyna düşdi.

Türkmenistan — Fransiýa: netijeli gatnaşyklar berkidilýär

19-njy iýunda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleni kabul etdi. Ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz döwletara hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, dostluk, düşünişmek esasynda yzygiderli giňeldilýändigini nygtady.

Magtymgulynyň eserleri — umumadamzat mirasy

20-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň» iki jiltlik ýygyndysynyň sowgat hökmünde gelip gowuşmagyna bagyşlandy. Soňky ýyllarda medeniýet we bilim ulgamlarynda türkmen-eýran gatnaşyklary ösüşiň täze derejesine çykdy. Şunda ýurdumyzyň we Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetleriniň gatnaşmaklarynda halkara maslahatlar, forumlar yzygiderli geçirilýär. Özara Medeniýet günleriniň, amaly-haşam sungatynyň sergileriniň, beýleki bilelikdäki çäreleriň guralmagy hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär. «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň» iki jiltlik ýygyndysynyň ýurdumyza gelip gowuşmagy bu ugur boýunça ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini görkezýär. Munuň özi Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemäge taýýarlyk görülýän döwründe aýratyn ähmiýetlidir.

Türkmen-eýran gatnaşyklary pugtalandyrylýar

20-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň» iki jiltlik ýygyndysynyň sowgat hökmünde gelip gowuşmagyna bagyşlandy. Maslahata Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ýolbaşçylary we alymlary, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdy.

Parlamentara hyzmatdaşlygy

19-njy iýunda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy Tomaş Zdehowskiý bilen duşuşdy. Söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmekde, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm gural bolup hyzmat edýän parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirdiler.