Sultan RAÝEW: «Türkmenistan Türki medeniýetiň ösmegine saldamly goşant goşýar»

26 Iýun 2023
629

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli 24 — 29-njy iýunda geçirilýän Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi paýtagtymyzda dabaraly ýagdaýda dowam edýär. Bu gurama agza döwletlerden — Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkiýeden gelen medeniýet hem-de sungat ussatlary hepdeligiň meýilnamasyna girizilen medeni çärelere işjeň gatnaşýarlar. Biz hem halkara medeni forumyň dabaraly açylyşyna hormatly myhman hökmünde gatnaşan TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan RAÝEWE käbir sowallar bilen ýüzlendik.

— Hormatly Sultan Raýew, sizi Aşgabatda hoş gördük! Sizi Türki medeniýetiň halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Söhbetdeş bolan Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».