Türki halklaryň Medeniýet hepdeligine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen TÜRKSOÝ halkara guramasynyň wekilleri welaýatymyzda myhmansöýerlik bilen garşylanyldy. Myhmanlaryň hatarynda gyrgyz, gazak, türk, azerbaýjan, özbek milletleriniň wekilleri bar.
Myhmanlar TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde Medeniýet hepdeligine gatnaşarlar.