Gymmatly baýlygyň goragynda

26 Iýun 2023
540

Golaýda paýtagtymyzda utgaşykly görnüşde «Sebitde suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak boýunça çäreler üçin maliýe we maýa goýum goldawy» atly maslahat geçirildi.

Foruma Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Taslama hyzmatlary edarasynyň Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň müdiri, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň suw baýlyklary boýunça milli dialoglarynyň utgaşdyryjysy, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy komissiýasynyň Ylmy-maglumat merkeziniň müdiri, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik meseleler boýunça merkeziniň (CAREC) Ýerine ýetiriji direktory, Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň Ylmy-maglumat merkeziniň müdiri, German halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) wekilleri, suw baýlyklary we howanyň üýtgemegi boýunça alymlar hem-de hünärmenler gatnaşdylar.

(Ýörite habarçymyz).