Gadymy senetlerimize syn edip oturşyma, pederlerimiziň bize galdyran mirasyna haýranlar galýaryn. Olaryň döredijilik ukybynyň, ussatlygynyň ýokary derejede bolandygyna buýsanýaryn. Tüweleme, ene-mamalarymyzyň on barmagynyň hünärinden dörän, ajaýyplygy bilen gözüň ýagyny iýip barýan türkmen halysyny diýjekmi, jana melhem gülli keçelerini diýjekmi, dünýäni özüne bakdyran milli lybaslaryny diýjekmi... Asyl bu sungat eserlerini sanap gutarjak gumanyň ýok. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz tarapyndan asyrlaryň jümmüşinden aşyp, goraglanyp, apalanyp Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gelip ýeten bu senetler hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde has hem kämilleşýär, döwrebaplaşýar. Olar biziň ýaş neslimize nusga alarlyk mekdepdir.
Howlymyzyň bir çetinde kümüş saçly enemiň oturan sekisiniň üstüne düşelen owadan nagyşly keçe enemden bize galan ýadygärlik. Onuň üstünde, gör, nijeme adamlar oturandyr, dynç alandyr. Kakam ol sekini gardan-ýagyşdan, ýelden-günden goramak üçin üstüne ýörite bassyrma dikdi. Ol çagajyklaryň üýşüp oýun oýnaýan ýerine öwrüldi. Seki, oňa düşelen keçe tüýs: «Seniň eliň, meniň dilim hünäri, nusga bolup galsyn ilden illere» diýleni boldy.