Be­dew bat­ly dep­gin­ler

25 Noýabr 2021
1026

Hormatly Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Halkymyzyň parahatçylyk, oňşuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri häzirki döwürde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi we onuň pugtalanmagy bilen öz mazmunyny baýlaşdyrýar» diýip belläp geçýär we bu kitapda biziň halkymyzyň parahatçylyga we ynanyşmaga goýýan hormat-sylagyny, ata-babalarymyzyň parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini giňden beýan edýär.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI Gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: «Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr» diýip, belläp geçdi. Asuda asmanda parlaýan Döwlet Baýdagymyz bolsa türkmeniň özbaşdak döwletlilik baradaky arzuwlarynyň hasyl bolmagynyň alamatydyr.

Jennet ORAZOWA,
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.