Eden işi nus­ga­lyk, söz­län sö­zi gü­wä­lik

25 Noýabr 2021
1362

Mukaddes Garaşsyzlyk! Şanly Garaşsyzlyk! Bu keramatly sözler halkymyzy dünýä ýaň saljak beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň belent dabaraly günlerinde bagtyýar watandaşlarymyzyň her biriniň köňül töründe egsilmez ruhy güýç-kuwwat bolup, altyn geljegimize çäksiz ynam döredýär. Asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten naýbaşy senetleriň biri-de haly sungatydyr. Zehindir çeper ussatlygy bilen baky sungata goşant goşýan halyçylarymyzdan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy Annabibi Yslamowa hem döwrümiz bilen deň gadam basýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tanymal halyçynyň döredijilik älemi täze röwüşde has-da baýlaşýar. Golaýda ol «Diýar» žurnalynyň redaksiýasynda myhmançylykda boldy. Onuň bilen söhbedimiz hem şanly baýramçylyk dabarasyna syrygyp gitdi.

― Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Ine, Arkadagly türkmen ilimize şanly Garaşsyzlygymyzyň toýy-da ýetip geldi. Toýuňyz gutly bolsun, mugallym!

Güljahan GOÇUMOWA,
«Diýar».