Bagtyýarlygyň gujagynda

29 Iýul 2021
1924

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen barýan halkymyzyň ümzügi ileri. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen mähriban eneler we döwletliligiň başy bolan çagalar hakdaky alada ünsden düşürilenok. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Änew şäherinde gurlan 4 gatly, ýokary amatlyklary bolan, köp öýli ýaşaýyş jaýlaryndan sekiz we ondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren maşgalalara sowgat bermegi Gahryman Arkadagymyzyň enelere we çagalara goýýan hormatynyň bimöçberdigini ýene-de bir gezek aýan etdi.

Giňden ýazylan saçagyň başyna ýygnanan agzybir maşgalalary göreniňde, olaryň bagtly günleriniň şaýady bolýandygyňa buýsanýarsyň. Şol pursat olaryň ilkinji sözleriniň halkymyzyň hak howandary — Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylýan alkyşlar bilen başlanmagy bolsa, bagtyýar maşgalanyň bagtdan paýly, sylagdan serpaýly bolup, asuda Watanymyza, hormatly Pezidentimize buýsanyp ýaşaýandygyna guwanýarsyň.

Dürnabat AŞYROWA,
ýörite habarçymyz. Suratda: täze jaýdan paýly bagtyýar maşgala.