Bagtyň asman belentligi

25 Iýun 2021
2092

Arzuwlaryň, umytlaryň şol belentlige çykmagy söýgi diýlen müň bir syrly duýgynyň tebigatynda bar. Ýöne siz bagt toýuny asmanda tutan jübütleri görüpmidiňiz? Hawa, seýrek, onda-da juda seýrek ýagdaý. Seýrek hem bolsa, edil şeýle toý 23-nji iýunda Lebap welaýatynda tutuldy. Türkmenabatly ýigit Arslan Çaryýew Hojambaz sebitlerinde önüp-ösen magşugy Aýgül Jepbarowa bilen durmuş toýuny hut uçaryň üstünde, ýerden müňlerçe metr belentlikde tutdy. Şeýdip, bagt ýene bir gezek asman belentligine çykdy. Ýöne bagt şeýle bir belentlige çykyp bilýän eken welin, onuň ýanynda asman dagy ho-ol aşakda galyberýär. Aslynda, Arslan bilen Aýgülüň bagty düýn ilki bilen şol belentlige çykdy-da, jübütler laçyn kamatly uçaryň biline gonansoň, asman belentligine çenli indi.

Biziň nygtamak isleýän belent bagtymyz — bilelikdäki durmuşa gadam goýan jübütleriň ak patany hut hormatly Prezidentimiziň özünden almagydyr.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz).