Nowruz — ýylyň ýaraşygy

20 Mart 2021
1977

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimizi dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda geçmişimizi öwrenmäge, asylly däplerimizi we milli ýörelgelerimizi has-da dabaralandyrmaga gönükdirilen döwletli işler durmuşa geçirilýär. Çünki halkymyzyň şöhratly taryhy, baý mazmunly däp-dessurlary bar. Häzirki wagtda ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Ine, bu gün hem türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi şatlyk-şowhun bilen dabaraly ýagdaýda belleýär.

Bahar paslynyň gelmegi bilen, ýere jan girip, gül-gülälekler açylýar, tebigat gyş ukusyndan oýanyp, ýaşyl donuny geýýär. Bahar pasly täzelenişiň, galkynyşyň pasly. Ol asyrlarboýy adamzadyň durmuşynda we medeniýetinde möhüm orun eýeleýär. Bu döwürde türkmen halkynyň naýbaşy baýramlarynyň biri bolan Halkara Nowruz gününiň bellenilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Bu baýramçylyk türkmen halkynyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak baradaky ajaýyp ýörelgesiniň şöhlelenmesidir. Nowruz diňe bir täze ýylyň gelmegini alamatlandyrman, eýsem, ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuş, ynsanperwerlik, goňşuçylyk ýaly maddy we ruhy gymmatlyklarynyň özboluşly beýanydyr. Baýramçylygyň dowamynda ýerine ýetirilýän däp-dessurlar türkmen halkynyň, tutuş adamzadyň döreden naýbaşy ruhy baýlyklarydyr. Munuň özi Nowruz baýramynyň mazmunyna göz ýetirmäge ýardam edýär. Baýramçylyk bilen baglanyşykly däp-dessurlary geljekki nesillere ýetirmek bolsa, umumadamzadyň öňünde duran möhüm wezipedir.

Bäşim BAÝJANOW,
Serhetabat etrap kazyýetiniň kazysy.