Söýýäs tebigatyň gözelligini

18 Mart 2021
2059

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatyndaky amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde, mähriban Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyny, abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde ýetilen sepgitleri eziz Watanymyzyň täze we beýik ösüşleri nazarlaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Çünki adam üçin uly bagt — Watanyň Garaşsyzlygy, topragyň asudalygy, halkyň bagtyýar durmuşy bolup durýar. Şunlukda, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem adamyň bagtyýar durmuşy hakyndaky esasy aladalaryň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň tebigata aýawly çemeleşmek ýörelgesi has kämilleşip, her bir ynsanyň bu babatdaky oňyn hereketleri rowaçlyklara beslenýär. Häzirki döwürde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde daşky gurşawy goramak, ýurduň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigaty aýawly peýdalanmak üçin zerur bolan şertleri döretmek we daşky gurşawa ýetirilýän zyýany mümkin boldugyça azaltmak, ekologiýa deňagramlylygy gaýtadan dikeltmek ýaly ugurlar ileri tutulýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda: «Şäherleşme hadysasynyň — şäherlere we şäherçelere göçmekligiň barha ösýändigi bilen baglylykda, daşky gurşawy goramaklygyň we ony dikeltmekligiň orny ýokarlanýar. Ähli ýerlerde Türkmenistanyň çäginde ekologiýa taýdan abadançylygy gorap saklamaga mümkinçilik berýän ýaşyl zolaklar, ýaşyl guşaklar, seýilgähler we seýil baglary döredilýär» diýip buýsanç bilen belleýär. Bu meseläniň biziň döwletimiz üçin örän wajyp bolup öňe çykmagy bolsa, Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi, biziň ýurtlarymyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy sebitdäki ekologiýa wezipeleriniň çözülmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Mälim bolşy ýaly, tebigaty goramak, ekologiýa meseleleri soňky ýyllarda döwlet syýasatynyň möhüm strategik ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ugurda kabul edilen resminamalar daşky gurşaw bilen bagly bolsa-da, ilki bilen, ynsan saglygyny, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Turuwbaşdan, Gahryman Arkadagymyz sebitde we dünýäde ekologiýa baradaky möhüm başlangyçlary öňe sürüp, suw serişdelerini gorap saklamak we peýdalanmak ýaly örän möhüm meseleler baradaky umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde bolup geçen ýokary derejedäki taryhy duşuşygynda örän möhüm ähmiýetli resminama — «Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýa» gol çekilipdi. Bu taryhy resminama laýyklykda, Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak örän möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Hazar deňzi sebiti uglewodorod serişdelerini çykarmagyň we ibermegiň örän iri merkezleriniň biri hökmünde çalt depginler bilen ösýär. Bu şertlerde Türkmenistan wajyp wezipäni çözmegi, ýagny Hazar deňziniň biodürlüligini gorap saklamak zerurlygy bilen utgaşykly, ekologiýa deňagramlylygyny üpjün etmegi möhüm hasaplaýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Hazar deňziniň ekologiýasynyň goraglylygyny üpjün etmek, diňe bir Türkmenistanyň däl-de, eýsem, Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Watanymyz bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny takyk ýerine ýetirýär hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Bütindünýä Ekologiýa Gaznasy we beýleki halkara edaralardyr guramalar bilen bilelikde tebigaty we ekologiýany goramak babatyndaky iri taslamalary nusgalyk durmuşa geçirýär.

Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.