Türkmenistan — bagy-bossan

17 Mart 2021
2012

DIÝAR GÖZELLIGI — GÖWÜN GUWANJY

Tebigat bilen adamzadyň arasyndaky gatnaşyk edil älem-jahan ýaly örän gadymydyr. Bu sazlaşykly gatnaşyk halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, onuň maddy, ruhy üpjünçiliginiň, bütin jemgyýetiň baýlygynyň artmagyna getirýär. Şol sebäpli hem iň bir gazaply sowugyň höküm sürýän ýeri bolan demirgazyk ýurtlarda-da, jöwzaly yssylaryň dowam edýän çöllüklerinde-de halklar ençeme asyrlaryň dowamynda tebigata sarpa goýmak, onuň baýlyklaryny aýawly saklamak, paýhasly ulanmak endiklerini nesilden-nesle geçiripdirler. Halkymyzyň uzak taryhy geçmişine göz aýlasak, pederlerimiz üçin ene topraga, onuň genji-hazynalaryna eýeçilik gözi bilen garap, olary rejeli peýdalanmak, aýap saklamak, baýlaşdyrmak ýaly asylly däpleriň ata-babalarymyza mahsus häsiýetler bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Şunuň ýaly umumadamzat bähbitli asylly ýörelgeleriň netijesinde tebigatyň baýlyklary biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Gylyçdurdy GYLYÇDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.