Arkadag paýhasy dünýä ýol salýar

27 Fewral 2021
1516

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan toýlanyljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ilkinji günleri täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalara beslendi. Olardan Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça kuwwatlygy 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamynyň işe girizilmegi, şeýle-de, Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy häzirki we geljekki nesilleriň mynasyp durmuş derejesiniň üpjün edilmegine, dost-doganlyk taglymatynyň ornaşdyrylmagyna, Ýer ýüzünde hoşniýetli gatnaşyklaryň, ösüşiň kemala gelmegine itergi berýär.

14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatynyň «Ruhyýet» köşgünde — Türkmenistanda we Owganystanda dabara gatnaşyjylary birleşdiren teleköpriniň geçirilen ýerinde eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, bu iri taslamalar umumy maksada, biziň ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge, türkmen-owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadançylygyna gönükdirilendir. Milli Liderimiz möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde, Owganystan Yslam Respublikasy bilen netijeli, deňhukukly, hakyky doganlyk gatnaşyklaryna biziň ýurdumyzda ýokary baha berilýändigini aýratyn nygtady.

«Diýar».