Ak mermerden gurulýan bagt şäheri aşgabat

29 Ýanwar 2021
1606

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleri şowly ädimler bilen başlanyp, tutuş ýylyň dowamynda uly üstünlikleriň gazanyljakdygyndan habar berýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň üstünlikli tamamlanyp, ýurdumyza hem halkymyza, galyberse-de, goňşy döwletlere bähbitli işlere badalga berilmegi tassyklaýar. Golaýda bolsa ýurt Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça iş saparlaryny amala aşyryp, baş şäherimizde gurulýan binalardyr desgalarda gurluşyk işleriniň barşy bilen ýakyndan tanyşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda durýan gurluşyklara baryp, gözel paýtagtymyzyň binagärligi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirjek täze binadyr desgalaryň döwrüň ösen isleglerine kybap gelmegi ugrunda alnyp barylýan işleri ýakyndan synlady hem-de baha berdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitleri bilen bir hatarda gözel Aşgabatda hem şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde giň möçberli özgertmeler ýaýbaňlandyrylyp, üstünlikli alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurulýan binalaryň her biri derwaýyslygy, göze gelüwliligi, milli özboluşlylygymyza kybap gelýänligi bilen tapawutlanyp, paýtagtymyzdaky bar bolan binalar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Ak mermere beslenen ak şäherimiziň haýsy künjegine barsaň, gözüňi dokundyrýan binalarda nazaryň eglenip, ertekiler dünýäsindäki ýaly ajaýyplyklar ruhuňy göterýär, kalbyňy heýjana getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamynyň düşen ýeriniň gülzarlyga öwrülýändigi bolsa has-da guwandyrýar.

Soltanmyrat ÝAZMYRADOW,
TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.