Hazaryň uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde täze sahypa

26 Ýanwar 2021
1948

Öz gözbaşyny taryhyň irki zamanlaryndan alyp gaýdýan türkmen-azerbaýjan goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklary häzirki döwürde barha pugtalanýar. Muňa 21-nji ýanwarda Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy hem aýdyň delildir. Iki döwletiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny täze derejä çykarjak bu möhüm waka aýratyn ähmiýet berip, türkmen we azerbaýjan Liderleri onlaýn görnüşinde derwaýys resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler.

Hormatly Prezidentimiz onlaýn görnüşindäki wideoşekil arkaly duşuşyga gatnaşýandygy üçin azerbaýjanly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, şu günüň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryndaky örän wajyp gündügini belledi. Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda iki döwletiň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, iki iri energetika döwletiň ägirt uly özara mümkinçiliklerini açmaga, Hazar deňziniň sebitinde durnukly energetika ösüşi, giň we özara bähbitli halkara gatnaşyklar üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen işleriň netijesi bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

«Türkmen dünýäsi».