Bitaraplyk — dünýäniň ýürek aýdymy

10 Dekabr 2024
170

Her güni toý-baýrama beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ýene-de bir şanly baýramyň — baky bagtyýarlygyň badalgasy bolan Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan dabaralaryň şatlygy her bir adama, her bir öýe egsilmez bagt eçilýär. Şu günler eziz Watanymyzyň ähli obadyr şäherleri toý lybasyna beslendi.

Türkmenabat şäher häkimliginde «Bitaraplyk ýoly — parahatlyk ýoly» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat hem şanly senä bagyşlandy. Oňa kümüş saçly eneler, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maral AGAMYRADOWA.