Resmi habar

9 Dekabr 2024
118

Türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda elektroenergetika pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy bilen ozal baglaşylan şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

(TDH)