Şanly sene mynasybetli

6 Dekabr 2024
198

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly senesi mynasybetli biziň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýümiziň gurnak agzalarynyň arasynda şadyýan bäsleşik geçirildi. Onuň esasy şerti her bir gurnagyň maksadyna laýyklykda dünýä halklarynyň medeni gymmatlyklaryna degişli bir eseri çeper wasp etmekden, daşary ýurt dillerinde bir aýdymy ýa-da şygry ýerine ýetirmekden ybarat boldy.

Bäsleşige döredijilik öýümizde hereket edýän 34 gurnagyň ählisiniň agzalary işjeň gatnaşdylar. Hususan-da, gurnagyň maksadyna laýyklykda, dünýä döwletlerine degişli dürli gymmatlyklaryň çeperçilik, halyçylyk, agaç ussaçylygy ýaly sungatlaryň üsti bilen wasp edilmegi oňa gatnaşyjylarda aýratyn täsir döretdi. Zehinli okuwçylaryň birnäçesi daşary ýurt dillerinde joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler. Dürli dillerde okalan şygyrlar bu bäsleşige aýratyn öwüşgin çaýdy.

Madina ŞANYÝAZOWA,
Çärjew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.