Bio­lo­gik köp­dür­lü­lik: eko­lo­gi­ýa hem gö­zel­lik

23 Noýabr 2024
342

Bio­lo­gik köp­dür­lü­lik — ýa­şa­ýyş üçin il­kin­ji şert­le­riň bi­ri. Çün­ki ösüm­lik­ler­dir jan­dar­lar hut şeý­le te­bi­gy şert­ler­de ýa­şamak üçin ge­rek zat­la­ry­nyň äh­li­si­ni tap­ýar. Diý­mek, bu te­bi­gy­lyk di­ňe bir eko­lo­gik ýa-da gö­zel­lik ba­bat­da ze­rur­lyk bol­man, eý­sem, hil-hil­lik ahyr­so­ňun­da yk­dy­sa­dy bäh­bi­de öw­rül­ýär. Çün­ki tä­ze yk­dy­sa­dy­ýet lük­ge­li­gi bi­len äh­lu­mu­my ýa­şaý­şa hyz­mat et­me­li, ýag­ny di­ňe yn­sa­na däl-de, äh­li jan­ly dün­ýä­niň bäh­bi­di­ne bol­ma­ly. Bi­ziň hal­ky­myz gül­zar­ly­ga ta­pyl­gy­syz be­zeg lez­ze­ti di­ýip dü­şün­ýär. Ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­ny ga­zan­ma­gy bi­len, şeý­le te­bi­gat be­ze­gi­niň ge­rim-ýaý­ra­wy­nyň gör­lüp-eşi­dil­me­dik de­re­je­de gi­ňe­me­gi­ne hem-de köp­dür­lü­li­giň ha­sa­by­na hil taý­dan düýp­li go­wu­lan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik has-da art­dy. Şeý­le iş­ler so­ňy bi­len dün­ýä­de eko­lo­gik saz­la­şy­ga bar­ha art­ýan ze­rur­ly­gyň, ho­wa­nyň üzül-ke­sil üýt­ge­me­gi ne­ti­je­sin­de gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pä öw­rü­lip, has mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Diý­mek, Türk­me­nis­ta­nyň bu ba­bat­da öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty we yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry hä­zir­ki za­man dün­ýä me­ýil­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär.

Hal­ky­myz bu iş­le­riň hö­zi­ri­ni öň­räk­den gö­rüp ug­ra­dy. Mu­ňa bol de­lil­ler­den ýe­ke my­sal: ýol­la­ry­my­zyň ýa­şyl jä­he­gi­ne öw­rü­len bag­la­ryň ha­ta­ry bar­ha ar­typ, gel­şik ber­mek­den gaý­ry, ho­wa­my­zy-da tä­miz­le­se, ola­ryň il­ki eki­le­ni in­di ula­gy­ny so­wup, bi­raz de­mi­ni dür­se­jek­le­re sa­ýa sal­ýar. Şeý­le so­gap­ly işe, ýo­kar­da-da aý­dy­şy­myz ýa­ly, tu­tuş ýur­duň ra­ýat­la­ry­nyň gat­naş­ma­gy dog­ry çöz­güt bol­dy. Çün­ki eko­lo­gi­ýa hem­me­le­re da­hyl­ly. Özem ju­da wa­jyp iş. Şu­ňa ila­tyň ugur­ta­py­jy­lyk bi­len, dö­re­di­ji­lik­li çe­me­le­şen ýer­le­rin­de ýü­ze çyk­ýan me­se­le­le­re, ýag­ny top­ra­gyň dü­zü­mi­dir ýe­ras­ty su­wuň de­re­je­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýag­daý­la­ra tiz we ne­ti­je­li çöz­güt ta­pyl­dy. Şeý­le ýer­le­riň bi­ri-de Gök­de­pä­niň Ajy­kä­riz oba­sy­nyň çä­gin­den geç­ýän uly ýo­luň ug­ry bol­dy. Ozal bag­dyr ekin bit­me­ýän şor­luk­da ýe­ras­ty suwuň de­re­je­sem ýo­ka­ry. On­soň, şor top­rak­dyr ýe­ras­ty su­wa çy­dam­ly bag­la­ry ek­mek ma­kul bi­lin­di, ýö­ne şon­da-da müm­kin­ga­dar dür­li gör­nüş­dä­ki­le­ri­ni. Şo­la­ryň bi­ri — ig­de. Mu­nuň ýe­ne bir amat­ly ta­ra­py — gu­rak ho­wa çy­dam­ly­dy­gy. Onuň meý­da­ny 40 gek­ta­ryň ýa­ry­sy­na go­la­ýy­ny tut­ýar. Ban­kyň jo­gap­kär bag­ba­ny An­na­gel­di Mäm­mä­ýe­wiň aýt­ma­gy­na gö­rä, ig­dä­niň ide­gi ýe­ňil, üs­te­si­ne, su­wy az ta­lap ed­ýär. Dö­kün­dir de­pi­ne-de on­çak­ly mä­täç däl. Ýe­ne bir amat­ly ta­ra­py, ony edil şä­ni­gi­dir kö­kün­den kö­pel­dip bol­şy ýa­ly, çy­by­gyn­dan na­hal ýe­tiş­di­ri­bem bol­ýan­ly­gy. Bu ýer­de iş­gär­le­riň özi her ýyl 30 — 40 müň düýp na­hal ýe­tiş­di­rip, ban­kyň beý­le­ki bag­çy­lyk bö­lüm­le­ri­ne-de paý­la­ýar. Ýol ug­run­da­ky eme­li to­kaý­ly­ga öw­rü­len bag­la­ryň ig­de agaç­ly bö­le­gi köp­dür­lü­li­giň bir­sy­dyr­gyn­lyk­dan ar­tyk­maç­ly­gy­ny me­sa­ňa aýan ed­ýär: onuň eko­lo­gik äh­mi­ýe­tin­den daş­ga­ry ýe­ne bir par­hy — gö­ze-de ýa­kym­ly gö­rün­ýän­di­gi.

Hak­ber­di AMAN­MY­RA­DOW.
«Türk­me­nis­tan».