Bilim — sazlaşykly ösüşiň egsilmez çeşmesi

20 Noýabr 2024
317

Ýurdumyzy köptaraply ösüşiň nurana ýoluna ataran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda islendik döwletiň ykdysady kuwwatynyň diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen hem kesgitlenýändigini nygtaýar. Milli Liderimiziň bu paýhasly pikir-garaýşynyň üstüni ýetirýän «Türkmenistan hem bu ugurda kuwwatly döwlet diýip arkaýyn aýdyp bileris. Biziň ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünärlerini kämilleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredildi» diýen sözleri-de çuňňur mana eýedir. Sebäbi milli bilim ulgamy döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde kesgitlenip, onuň hilini, mazmunyny dünýä ölçeglerine laýyk getirmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilik bilen başyny başlan bilim özgertmeleriniň ajaýyp miweleri bolan bu üstünlikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hem häsiýetli aýratynlygyna öwrülýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwrüň talaplaryndan ugur alyp, kabul edýän çözgütleri şeýle üstünlikleriň binýadyny berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy muňa anyk subutnamadyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýynda kabul edilen Konsepsiýa täze taryhy eýýamda bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny we ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak ýaly asylly maksatlary nazarlaýar. Bu resminama okuw derslerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde alnyp barylýan işleriň maksatlaryny, wezipelerini has-da aýdyňlaşdyrýar, milli we dünýä tejribeleriniň sazlaşygyny, işleriň dünýä standartlaryna laýyklygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Her bir işde anyk wezipeleriň kesgitlenmegi, baş maksada ýetmekde durmuşa geçirilmeli işleriň doly aýdyňlaşdyrylmagy bolsa üstünligiň ilkinji şertleriniň biridir.

Pederlerimiziň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwer durmuş ýörelgelerini, kämil zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirýän, çuňňur bilimli, döredijilikli pikirlenmegi başarýan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek bilim ulgamynda alnyp barylýan köpugurly tutumlaryň düýp özenidir. Şunda ýaş nesle berilýän bilimiň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, mazmunyny baýlaşdyrmak möhüm bolup durýar. Bu babatda okgunly ösýän häzirki döwrüň öňde goýýan talaplaryna berk eýermek arkaly Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlara bilim we terbiýe berjek bilim işgärlerini taýýarlamak, olaryň hünär derejesini hem-de ussatlygyny ýokarlandyrmak işleriniň kämilleşdirilmegi uly üstünlikleriň kepilidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmekleri, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyzyň hemişe döredijilik gözleglerinde bolmalydygyny nygtaýar. Konsepsiýada ýokary derejeli pedagogik işgärleri taýýarlamakda anyk wezipeleriň kesgitlenmegi hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerine iş ýüzünde amal etmekdäki tagallalaryň mynasyp beýanydyr.

Annabagt MAÝEWA,
welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe, bilim we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.