Göreldeli açyk sapaklar

20 Noýabr 2024
326

Kaka etrabyndaky 17-nji orta mekdepde dersler boýunça göreldeli açyk  sapaklar yzygiderli geçirilýär.  Iňlis dili mugallymy Käkilik  Begiýewanyň 4-nji “b” synpyň okuwçylarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça geçen göreldeli açyk sapagy has uly gyzyklanma eýe boldy.

Ýurdumyzda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim bermek, bilim işgärleriniň hünär ussatlygyny açyp görkezmek, öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmek hem-de ýaýratmak, şeýle-de  Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämillesdirmegiň Konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işleriň rowaçlanýandygyny bu gezekki göreldeli açyk sapagy aýdyň görkezdi.

Täzegül ATAÝEWA,
Kaka etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.