Sapakda öwrediji oýunlaryň orny

19 Noýabr 2024
670

Başlangyç we ýokary synplarda okatmagyň esasy talaplarynyň biri-de çagalarda gowy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek bolup durýar. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde daşary ýurt dili hökmünde okadylýan rus dili sapaklarynda çagalaryň ukyp-başarnyklaryny we pikirleniş, sözleýiş endiklerini ösdürmegiň iň täsirli usuly didaktiki oýunlar bolup durýar.

Didaktiki oýunlar — bu okuwçylar üçin öwrediji oýunlardyr, mugallymlar üçin bolsa okatmagyň usulydyr. Başlangyç we ýokary synplarda rus dili sapaklarynda didaktiki oýunlar sapagyň islendik tapgyrynda we dürli görnüşli sapaklarda ulanylyp bilner. Bu oýunlar, esasan hem, sapagyň täze temany berkitmek, ýalňyşlyklar üstünde işlemek, şeýle hem gaýtalamak, sapagy jemlemek we umumylaşdyrmak bölümlerinde ulanylsa, has-da ýerlikli bolar. Şeýle hem ýaş aýratynlyklaryna garamazdan, sapagyň başynda (guramaçylyk döwründe), öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamakda, söz baýlyklaryny kämilleşdirmekde hem ulanmak mümkin. Didaktiki oýunlar çagalaryň aňynyň ösmegine kömek edýär. Olaryň öý işini ýerine ýetirmeginde özbaşdak ýumuşlar bilen işlemegine ýardam edip, işjeňligini artdyrýar. Bu oýunlaryň kömegi bilen çagalar täze temany çalt kabul edýärler we özleriniň döredijilik ukyplaryny ösdürýärler.

Jahan AMIRKULOWA,
Çärjew etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň mugallymy.