Daşky gurşawy goramagy öwretmek

19 Noýabr 2024
395

Tebigat dünýäsini, onuň janly-jandarlaryny goramak biziň her birimiziň borjumyz bolup durýar. Öz okadýan geografiýa dersim boýunça ýokary synplarda guraýan sapaklarymda tebigat dünýäsine aýawly çemeleşmek bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekýärin. Has takygy, 10-njy synpda «Daşky gurşawy goramak» diýen temany geçenimde, tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga, meýdan zolaklaryny, suwlary hapalamazlyk düzgünlerine okuwçylaryň ünslerini çekdim. Tebigaty zyýanly täsir edýän maddalardan goramagyň, ösümlikleriň, haýwanlaryň ýaşamagy we köpelmegi üçin amatly şertleri döretmegiň düzgünleri dogrusynda hem gysgajyk söhbetdeşlik guradym. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hereket edýän döwlet goraghanalarynyň we çäkli goraghanalaryň ösümlik, haýwanat dünýäsini goramakda uly ähmiýetiniň bardygy hakynda maglumat berdim.

Synp tagtasynda öýe berlen tema boýunça okuwçylar sapagy gürrüň berdiler. Goraghanalaryň alyp barýan işleri boýunça sowal-jogap alşyldy. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ähmiýeti barada okuwçylar öz pikirlerini beýan etdiler. Ýurdumyzyň derýalary, kenar ýakalarynda bag-bakjalygy döretmegiň zerurlygy ýaly durmuş ähmiýetli işler dogrusynda okuwçylaryň pikirlerini hem soradym. Multimedia tagtasynda Türkmenistanyň tebigaty barada şekillendirilen slaýd şekilleri okuwçylara görkezdim.

Miwegül MÄMMETJUMAÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.