Daşary ýurt dilleri öwrenilýär

19 Noýabr 2024
494

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýaşlaryň giň dünýägaraýşyny kemala getirmekde uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýaşlara dünýä dillerini öwretmegiň ähmiýeti uludyr.

Ýaşlar bilim öwrenmäge ymtylyşlary, ukyp-başarnyklary bilen iňlis dilini höwes bilen öwrenýärler. Dil öwrenmegiň dürli ugurlaryndan, döwrebap usullaryndan peýdalanylýar. Bu babatda ylmy edebiýatlara, sözlük kitaplaryna uly ähmiýet berilýär. Dil öwrenýän ýaşlar sözlükler arkaly ukyplaryny artdyrýarlar, bilimlerini ösdürýärler. Ýaşlaryň sözlükleriň üsti bilen öwrenýän iňlis dilindäki edebiýatlary okamaga mümkinçiligi artýar. Daşary ýurt dillerini hünär dili hökmünde öwrenýän ýaşlar halkara adalgalaryny hem öwrenýärler.

Hatyja JUMAGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.