Paýtagtymyzyň Täze ýyl öwüşginleri

1 Ýanwar 2021
1930

Şu günler paýtagtymyz Täze ýyl baýramçylygynda has-da gözel görke eýe boldy. Şaýollardyr köçeleriň ugurlarynda, edara-kärhanalaryň töwereklerinde döredilen gözellikler mähriban ildeşlerimiziň şatlygyny goşalandyrýar. Paýtagtymyzyň görkana baglary ak gara beslenip, göwünleri galkyndyrýar.

Täze ýyl baýramynyň öwüşginine beslenen, beýik ösüşlere eýe bolan ak şäherimiz bu günki gün ähli halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Golaýda, Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanyndaky günlerde Gahryman Arkadagymyzyň agtygy bilen paýtagtymyzyň gözel ýerine, Köpetdagyň ajaýyp künjegine gezelenç etmegi hem mähriban ildeşlerimizde ýakymly duýgulary döretdi. Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanyndaky günlerde ak şäherimize ak garyň bolluk bilen ýagmagyny hem mähriban halkymyz ýagşy arzuw-niýetler bilen kabul etdi. Halkymyzda «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlen pähim hem bar.

Maýa ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmeni.