Türkmenistan — bagy-bossan

6 Noýabr 2024
352

Döwlet Baştutanymyzyň daşky gurşawyň goraglylygy bilen bagly syýasaty netijesinde Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülen bu işler tebigaty gorap saklamak, ony geljekki nesillere aýawly ýetirmek bilen baglanyşykly bütindünýä işine goşulýan saldamly goşant bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglanyşykly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda däbe öwrülen ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmäge jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, bag ekiljek ýerleri we nahallary taýýarlamaga, geçiriljek döwlet ähmiýetli çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. Il bähbitli, ekologik ähmiýetli bu ählihalk bag ekmek dabarasy, ilki bilen, ekologiýa nukdaýnazaryndan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem örän zerurdygy bilen tapawutlanýar. Sebäbi her ýylyň ýazky we güýzki köpçülikleýin bag ekmek çäresi ilatly ýerleriň, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň töwereginde täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, raýatlaryň arassa howadan dem almagyna, howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyna mümkinçilik döredýär. Öz çäklerini barha giňeldýän ak mermerli Aşgabat hem-de sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherleriniň eteklerinde kemala gelýän şeýle zolaklar Diýarymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Türkmen halkynyň ähli döwürlerde-de tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji ýaly gorap gelendigini, bu sogaply işiň häzirki döwürde-de mynasyp dowam etdirilýändigini subut edýär.

Ata-babalarymyz ene topraga, tebigata söýgi bilen çemeleşip, oňa aýawly garamak, ony goramak ýörelgelerini nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Häzirki döwürde tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Altyn güýzde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen bag ekmek boýunça ählihalk dabaralarynyň geçirilmegi ata Watana, ene topraga belent söýginiň nyşanydyr. Alymlaryň we degişli hünärmenleriň tassyklamagyna görä, şäherleriň we ilatly ýerleriň töwereginde, awtoulag ýollarynyň ýakalarynda saýaly baglaryň ekilmegi howanyň hapalanmagynyň öňüni alýar, adamlaryň saglygyna oňyn täsirini ýetirýär. Suwly ýaplaryň, akabalaryň kenarlaryna saýaly baglaryň ekilmeginiň topragy we kenary berkitmekde peýdasy uly. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýalaryna goşulyp, durnukly ösüş boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýar.

Gülsere KUŞAÝEWA,
Arkadag şäherindäki 10-njy orta mekdebiň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.